icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 awgust 2017

1285

Kabulda ilçiler derejesinde RECCA-nyň ikinji guramaçylyk maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 10-njy iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde Daşary işler ministrliginiň binasynda RECCA gatnaşyjy ýurtlaryň ilçileriniň derejesinde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilmeli RECCA-nyň VII maslahatynyň öň ýanynda geçiriljek çäreler we olaryň ähmiýeti, şeýle hem ANPDF-da beýan edilen sebitleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň borçlaryny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen  ikinji utgaşdyryjy maslahaty geçirildi.

         Duşuşyga RECCA-nyň sebit we hyzmatdaş ýurtlarynyň ilçileri, şeýle hem Owganystanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we Söwda-senagat edarasynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

         Sessiýa Owganystanyň Daşary işler ministriniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça orunbasary hanym Adela Razyň esasy çykyşy bilen açyldy. Ol  RECCA-nyň we onuň maýa goýumlaryň täze görnüşlerini, şonuň bilen birlikde taslamalaryň ýerine ýetiriliş mümkinçiliklerini we amala aşyrylyşyny öz içine alýan täze usullary, RECCA bilen milli ähmiýetli maksatnamalaryň we ANPDF-nyň arasyndaky, şeýle hem RECCA bilen beýleki sebitleýin hyzmatdaşlyk platformalarynyň arasyndaky  özara üstüni ýetirmekligi üpjün ediji  RECCA-nyň we onuň täzeçe çemeleşmeleriniň ähmiýetiniň wajyplygyny belledi.

         Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Raz energetika, ulag ulgamy, söwda we üstaşyr geçirmeklik boýunça bilelikde işlemek, aragatnaşyk we kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýaly ulgamlarda esasy sebitleýin taslamalaryň ösüşi we ýetilen sepgitleri barada hem belledi.

         Ol infrastrukturalaryň ýetmezçiligi, içerki sebitleýin söwdanyň pes derejesi, tarif däl bökdençlikleriň dürli görnüşleri, şeýle hem durmuşa geçirmäniň dar ýerleri ýaly meseleleriň birnäçesini beýan etdi we meseleleriň çözgütleri, sebit hem-de sebitara söwdanyň mümkinçiliklerini açmak boýunça RECCA-nyň çäklerinde köpçülikleýin işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.

         Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi H. Togalakow we Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Hasan Soruş RECCA-nyň VII maslahatyna umumy taýýarlyk baradaky maglumatlary beýan etdiler.

         Maslahat jemgyýetçilik işleri boýunça ministriniň orunbasary jenap Nematulla Haýdariniň, Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Atikulla Nusratyň we Ulag ministrliginiň, Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň we Owganystanyň Zenanlar Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň taslamanyň esasy ähmiýeti baradaky täzelemeler we tanyşdyryşlary bilen dowam etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda ilçiler, sebitleýin we halkara guramalarynyň wekilleri hem çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi