icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 oktýabr 2017

1279

Nýu-Ýorkda RECCA VII maslahatyna taýýarlyk brifingi guraldy

21-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda  ýokary wezipeli taraplaryň gatnaşmagynda geçirilen ikinji Maslahatyň çäginde  2017-nji ýylda “Aziýanyň Ýüregi-Stambul prosesi” atly taslama boýunça Owganystanyň Daşary işler ministriniň ykdysady gatnaşyklary boýunça orunbasary hanym Adela Raz we  Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Araz Azimowyň wekilçilik etmeginde RECCA VII maslahatyna taýýarlyk brifingi guraldy. Maslahatda Owganystanyň Daşary işler ministri jenap Salahuddin Rabbani esasy doklad bilen çykyş etdi.

RECCA VII maslahaty boýunça brifing Owgatnystanyň DIM-niň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň baş müdiriniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi jenap Hasan Soruş tarapyndan alnyp barylyp, brifingiň dowamynda RECCA VII, şol sanda 2017-nji ýylyň her ýylky synyna taýýarlyk işlerine, RECCA-nyň milli utgaşdyryjylarynyň birinji maslahatynyň jemlerine we RECCA VII alyp barmagyň meýilnamasyna seredilip geçildi.

RECCA VI (Kabul, 3-4 sentýabr 2015 ýyl) gatnaşyjy 40 döwlet, şeýle hem  30 sebitara we halkara guramalaryň sanynyň rekord derejä ýetmegi sebäpli sebitara we hyzmatdaş ýurtlara RECCA VII maslahatyna ýokary derejede gatnaşmak teklip edildi.

Brifinge gatnaşyjylar RECCA we “Aziýanyň Ýüregi-Stambul prosesi” taslamanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we biri-biriniň üstüni ýetirmek boýunça görülýän tagallalary gyzgyn garşyladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi