icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 ýanwar 2018

388

Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar.

Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň döwründe Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasyny tassyklamak, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek we Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça hereketleriň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak ýaly meselelere garaldy.  

AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy G.Baýjanowyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatyny diňläp, Müdiriýetiň agzalary hasabaty makulladylar we Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň döwründe Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasy tassykladylar.

Mundan başga-da, AHHG-ny esaslandyryjy-döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine taýýarlyk babatda çözgütler kabul edildi, Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň esasy ugurlary makullanyldy we Müdiriýetiň indiki mejlisiniň gün tertibi tassyklanyldy.  

Mejlise gatnaşyjylar Aral deňziniň meseleleriniň çözülmegi AHHG-ny esaslandyryjy-döwletleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Soňra Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiň Çözgüdine gol çekmek dabarasy boldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi