TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 1-nji martynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.