icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

30 aprel 2018

2087

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biz sizi myhmansöýer Türkmenistanda görmäge hemişe şatdyrys

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   29.04.2018  /  

Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän dabaralara daşary ýurtly žurnalistler hem gatnaşýarlar, olar Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary beýan etmek üçin geldiler. Dabaralaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew bilen gürrüňdeş boldy.

Russiýanyň teležurnalisti Türkmenistana ýygy-ýygydan gelýär, dürli wakalar mynasybetli Aşgabatdan taýýarlanýan reportažlary arkaly ony türkmen teletomaşaçylary tanaýar. Döwlet Baştutanymyz hem bu žurnalisti şu gezekki çärelere gatnaşýan köp sanly myhmanlaryň arasyndan tanap, «Men Sizi geçen ýyl Aziadada gördüm» diýip aýtdy we «Aşgabat 2017» oýunlaryny Fransewiň oňat beýan edendigini belledi.

Gürrüňdeşlik meýilleşdirilmedik interwýu boldy, şunda resmi däl ýagdaýdaky söhbetdeşlik ählihalk baýramçylygy bellenilýän mahalynda gürrüňdeşligiň gyzykly bolmagyna ýardam etdi, munuň özi örän möhüm we düýpli meseleleri gozgamaga päsgelçilik döretmedi.

— Men sizi iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça çärelerde — TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak, onuň ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistandan Owganystana çekilen demir ýoluň açylyş dabarasynda hem gördüm — diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň örän uly taslamadygyny, ýurdumyzyň bu taslama gatnaşmaga köp sanly hyzmatdaşlary, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlary çagyrandygyny belledi.

— Şu gün bolsa biz milli baýramymyzy belleýäris, bu baýram ozal Türkmen bedewiniň baýramy diýlip atlandyrylýardy, Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde biz ony Milli baýram diýip atlandyrmak kararyna geldik. Biziň ajaýyp halylarymyz, alabaý itlerimiz bilen bir hatarda ahalteke bedewlerimiz hem milli mirasymyzdyr — diýip, türkmen Lideri nygtady.

— Siz düýn bedewde gezim etdiňiz, bu örän tolgundyryjy we täsirli boldy. Siz at üstünde ýygy-ýygydan gezim edýärsiňizmi?

— At çapmak ähli türkmenleriň ganynda bar bolsa gerek. Biziň ählimiz çapyksuwarlar bolup dogulýarys. Bu sungat nesilden-nesle geçýär. Mysal üçin, Sowet Soýuzy döwründe biz ZGT — “Zähmete we goranyşa taýýar” şygary bilen sport synaglaryny geçýärdik. Eger-de biz, ýetginjekler, ýaşlar ZGT synaglaryndan — suwda ýüzmek, ok atmak, göreş boýunça synaglardan geçip bilmesek, erkek kişi hökmünde mertebämiz peseldi diýip düşünýärdik. Çagalykda beden taýdan taplanyş durmuşda örän peýdaly boldy. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmagyň gylyk-häsiýeti kemala getirmäge ýardam berýändigine ynanýaryn.

Ol meniň syýasy işimde hem ýardam edýär. Men özümi şunda çapyksuwar ýaly duýýaryn hem-de halkymy öňe alyp barýaryn. At çapmak bilen diňe men meşgullanmaýaryn, ähli syýasy işgärler bu sungat bilen meşgullanýarlar — Wladimir Wladimirowiç hem at çapýar! Şeýdip, ýaşlara görelde bolýarys. Men ösüp gelýän ýaş nesil durnukly ynsan häsiýetiniň we sport bilen meşgullanylýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň nusgasyna eýermelidir diýip hasaplaýaryn. Diňe şeýdip, zyýanly endikleri, mysal üçin, çilim çekmek endigini aradan aýryp bolar.

Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirdik. Bütin dünýäde onuň olimpiýa oýunlary derejesinde guralandygyny belleýärler. Mysal üçin, Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, şol Oýunlara gelen Walentina Iwanowna Matwiýenko şeýle pikiri beýan etdi. Ýeri gelende aýtsak, ol Aşgabadyň hormatly raýaty bolmak bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özgermegine öz goşandyny goşdy.

— Bu barada bilmek gyzykly bolardy?

— Ol maslahatlary bilen kömek etdi. Siz biziň köprülerimizi gördüňizmi? Aşgabatda gurlan köprüler Sankt-Peterburgyň köprülerine meňzeşdir. Bu köprüleri Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasy gurdy. Russiýa bilen biziň oňat hyzmatdaşlygymyz bar.

— Hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlary haýsylardyr?

— Biz, ilkinji nobatda, bilime, ýaşlarymyzyň döwlet dilinden başga-da, birnäçe dilleri bilmegine, döwürleýin neşirlere uly üns berýäris. Şol dilleriň biri rus dilidir, şeýle hem iňlis, fransuz, hytaý, ýapon we beýleki diller bolup biler. Bizde örän köp rus neşirleri bar, muňa siziň özüňiz hem göz ýetirip bilersiňiz. Okamak ýaş nesliň milli aýratynlygyny kemala getirýär, elbetde, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine oňyn täsir edýär.

Eger-de, ykdysady meseleler barada aýtmaly bolsa, nebitgaz toplumyndan, gurluşykdan, senagat ulgamyndan başga-da, biz soňky wagtlarda ulag ulgamynyň hem-de üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegine örän uly üns berýäris. Biz Hazar deňzinde iň iri deňiz menzilini açýarys, ol bizi Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan we Eýran bilen birleşdirýär. Onuň her ýylky dolanyşygy, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 18 million tonna töweregine, nebit önümleri bilen birlikde bolsa, 26 million tonna golaý bolar. Hazarýaka döwletleriň soňky sammitinde Türkmenistan başlangyjy öňe sürdi we Russiýa bizi goldady: biz bitewi logistika merkezini döretmelidiris hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ýük daşalyşyny ösdürmelidiris. Gazagystanda geçiriljek nobatdaky sammitde biz ylalaşyga geleris hem-de bu logistika üstaşyr-ulag geçelgesini ösdüreris diýip umyt edýärin.

— Ol nämäni baglanyşdyrmaly?

— Gämi gatnawyny, demir ýoly, awtoulagy birleşdirer. Şeýlelikde, biz Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýäris. Ähli döwürlerde biz onuň ugurlarynyň çatrygynda ýerleşdik. Şol sebäpli hem biziň hut ulag we üstaşyr geçelgelere uly üns berýändigimiz öz-özünden düşnüklidir. Şu meseleler boýunça BMG-niň Rezolýusiýalary üç gezek kabul edildi. Russiýa Federasiýasy diňe bir ilkinji bolup bizi goldamak bilen çäklenmän, bu resminamalaryň kosponsory hem boldy.

— Sebäbi, bu bilelikdäki bähbitli işdir.

— Elbetde, bu biziň umumy bähbidimiz. Biz näçe asyrlar bile bolduk, şoňa görä-de, munuň özi bölünmezdir we bölüp bolmaz. Biziň infrastrukturamyz umumydyr.

Ikinji uly mesele — bu energiýa howpsuzlygydyr. Gaz geçiriji meselesi boýunça biz öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň bähbitleri hasaba alynmalydyr diýen netijä geldik. Bu örän möhümdir.

Nebitgaz pudagynda biziň 2030-njy ýyla çenli döwlet maksatnamamyz hereket edýär. Häzirki wagtda bizde gazyň esasynda mineral dökünleri çykarmak boýunça önümçilik bar. Polipropilenden süýüm edýäris, ondan bolsa haly dokasaň hem bolýar. Türkmen halysynyň näme bilen tapawutlanýandygyny bilýärsiňizmi? Onuň ýaşy näçe uly boldugyça, şonça-da has owadan bolýar. Bu syrlary biziň ene-mamalarymyz asyrlardan-asyrlara miras goýup geçirýärler.

Siziň žurnalist hökmünde ol ýa-da beýleki wakany beýan etmek bilen, maglumatlary hiç haçan ýoýmaýandygyňyzy bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, uly abraýyňyz bar. Biziň baýramçylygymyza, görüň, bütin dünýäden myhmanlar geldiler. Eýsem-de, bu guwançly dälmidir? Biz şeýle ruhda hemişe dowam ederis, sebäbi biz şeýle terbiýelendik we bir dünýägaraýşymyz bar.

Men Russiýa bilen dostlugymyza buýsanýaryn. Bularyň ählisini biz ösüp gelýän nesle geçirýäris. Olaryň ählisi durmuşyň gadyryny bilmekleri üçin zähmete söýgi ruhunda terbiýelenmelidir. Şonda netijeler bolar.

— Merkezi Aziýada döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň has açyk häsiýete geçýändigi duýulýar, sebitiň ähli ýurtlarynyň arasynda ýakyn dostluk gatnaşyklary guralýar. Şunda Aşgabat haýsy ugry durmuşa geçirýär?

— Biziň milli göreşimizi alyp göreliň! Pälwanlarymyz bütin dünýäde iň ýokary baýraklara mynasyp bolýarlar. Guşakly göreş diňe türkmenlerde däl-de, ruslarda hem, beýleki halklarda hem bar.

Biziň ýurdumyz diňe bir sebitdäki däl-de, eýsem, bütin dünýäde ýeke-täk Bitarap döwletdir, ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek: 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda ykrar edildi. Biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hem, tutuş dünýäde hem “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýarys. Şundan ugur alnyp, BMG-niň howandarlygynda 10 ýyl mundan ozal Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy, onuň esasy wezipesi dawalary öňünden duýdurmakdan, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meselelerini utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

— Bu Siziň başlangyjyňyzmy?

— Bu Türkmenistanyň başlangyjydyr, emma ähli Merkezi Aziýa ýurtlary we beýleki döwletler ony goldadylar, bu edara ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşdirmek bilen döredildi.

Men häzir BMG-niň Baş sekretarynyň terrorçylyga garşy meseleler boýunça orunbasary W.Woronkow bilen duşuşaryn we onuň bilen terrorçylyga, ekstremizme garşy durmak meselelerini ara alyp maslahatlaşaryn. Dünýäde nämeler bolup geçýändigini bilýärsiňiz ahyryn? Liwiýa, Siriýa, Yrak — bularyň ählisi umumy ykdysady dünýä işlerine täsirini ýetirýär. Biz bütin dünýäde hem-de elbetde, sebitimizde parahatçylyk ugrunda çykyş edýäris. Şonuň üçin hem sebitimizde şeýle aýratyn meseleler ýokdur. Biz birek-birege uly ýardam berýäris, iň esasy zat bolsa, şunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy umumy utgaşdyryjy wezipäni ýerine ýetirýär. GDA biziň syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwerlik meselelerimizi utgaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Şu ýyl Arkalaşykda Täjigistan başlyklyk edýär, indiki ýyl bolsa biz başlyklygy öz üstümize alýarys. Şonuň üçin hem men ýene-de Sizi ýurdumyza gelip görmäge çagyrýaryn.

— Sag boluň!

— Siz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde meseleleri biziň nähili ara alyp maslahatlaşýandygymyzy gözüňiz bilen görüp bilersiňiz. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde haýsydyr bir birleşiklere, harby guramalara gatnaşmaýar. Emma biz GDA-nyň işlerinden daşlaşmadyk we daşlaşmarys hem. Bitarap döwlet hökmünde biz assosiirlenen agza bolup, özi-de işjeň agza bolup durýarys. Ine, bir mysal. Biz häzir gezekleşikli başlyklyk edýäris, sentýabr aýynda bolsa Duşenbede Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk wezipesini kabul ederis. Biz eýýäm häzirden köp teklipleri öňe sürýäris.

Ýakynda Wladimir Wladimirowiç Putin indiki ýyly Teatr ýyly diýip yglan etdi. Bu örän oňat! Geçen ýyl Wladimir Wladimirowiç ýurdumyzda sapar bilen bolanda, ol oňat teklibi öňe sürdi: Türkmenistanyň GDA başlyklyk etjek ýylyny Binagärlik we gurluşyk ýyly diýip atlandyrmak hakyndaky pikiri aýtdy. Biz bu pikiri goldadyk we eýýäm bu barada resminama gol çekildi.

Geljek ýyl Türkmenistan GDA başlyklyk edeninde, biz köp sanly ynsanperwerlik häsiýetli teklipleri öňe sürmek isleýäris. Mysal üçin, saglygy goraýyş, çaganyň saglygyny goramak, wagtly-wagtynda öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek, şeýle hem teatrlaryň işi boýunça meseleler babatynda teklipleri aýdarys. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky teatr, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky türkmen-russiýa umumybilim berýän orta mekdep bar, şeýle mysallar köpdür. Bularyň ählisi halklary jebisleşdirýär, dostluk has-da pugtalandyrylýar.

Bizde ylmy-tehniki ösüşimiz batly gadamlar bilen öňe barýar, aýratyn-da, aragatnaşyk, saglygy goraýyş ulgamlarynda şeýledir. Biziň tejribe alyşmagymyz syýasy, ykdysady, şeýle hem ynsanperwer nukdaýnazaryndan örän uly ähmiýete eýedir. Ýaşlar durmuşda öz orunlaryny dogry tapmalydyr, döwlet bolsa olara bu babatda hemmetaraplaýyn ýardam etmelidir.

Elbetde, siziň şu görýän milli öwüşginleriňizi biz ata-babalarymyzdan miras aldyk. Ata-babalaryň sütünlerini hiç haçan unutmaly däldir, goý, sen türkmen bol, ýa rus bol, tapawudy ýok, ony unutmak bolmaýar. Ol biziň mukaddesligimizdir, biz milli mirasa hemişe hormat bilen garamalydyrys. Ol ýaşlary watançylyk taýdan terbiýelemekde uly orun tutup, olar hemişe döwür bilen aýakdaş gadam basmalydyr. Iň esasy zat: biz, hakykatdan-da, tutuş dünýä açykdyrys.

Ine, biz Azerbaýjan, Gazagystan, Russiýa, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Pakistan bilen goňşulardyrys. Dagyň aňyrsy bolsa Eýran — hemmämiz dostlukda ýaşaýarys. Biz açykdyrys! Biz “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýarys. Şähere aýlanyp görüň, köp ýerde internet-kafeleri görersiňiz. Bazarlarymyza baryp görüň — harytlaryň bolçulygyny görersiňiz. Bu zatlaryň hemmesini biz öz ellerimiz bilen ýetişdirýäris. Biz azyk maksatnamasyny 70 göterim ýerine ýetirdik, sebäbi biz orta we kiçi işewürlige giň ýol açýarys.

Geljek hepdede biz täze deňiz portuny açarys. Ol biziň hemmämiz, goňşularymyz bolan Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan, Eýran üçin hyzmat eder. Biz Hazar deňzini parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi diýip atlandyrýarys. Şonuň üçin gelip duruň, size bu ýerde gyzykly bolar. Port döwrebap ölçeglere laýyklykda guruldy. Biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda azyndan 13 müň orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhanalary gurduk. Awaza geleniňde, ajaýyp köpri bar. Ony Russiýanyň kompaniýasy bina etdi.

Siz bilen tanşanyma örän şat. Biziň baýramçylyklarymyza gatnaşmagyňyz diýseň guwandyrýar. Size ýene bir gezek üstünlikleri arzuw etmek isleýärin, siziň döredijilik toparyňyza iň gowy arzuwlarymy ýetiriň! Biz sizi doganlyk, güneşli, myhmansöýer Türkmenistanda görmäge hemişe şatdyrys.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi