icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 maý 2018

456

Buharestde häzirki zaman multimodal ulag infrastrukturasyny döretmäge bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik instituty bilen bilelikde «Häzirki zaman multimodal ulag infrastrukturasyny döretmek-Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde üstünligiň girewi» diýen at bilen tegelek stol geçirdi.

Rumyniýanyň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretary Maria Magdalena Grigore bu çäräniň esasy myhmany bolup gatnaşdy. Şeýle-hem tegelek stola Rumyniýanyň DIM-niň, Parlamentiniň, Biznes gurşawy, söwda we telekeçilik ministrliginiň,  Söwda-senagat edarasynyň, Awtomobil ýüklerini daşamagyň Milli birleşiginiň, Rumyniýanyň Ýüpek Ýoly birleşiginiň we beýleki ministrlikleriniň wekilleri, Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, halkara jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Buharestiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň Direktory Dan Petre, Ilçi Ş.Jumaýew, Rumyniýanyň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretary Maria Magdalena Grigore, Azerbaýjanyň Rumyniýadaky Ilçisi Farid Abdinbaýew, Gruziýanyň Rumyniýadaky Ilçisi Nikoloz Nikolozişwili, Rumyniýanyň DIM-niň Gündogar Ýerwopa we Merkezi Aziýa müdirliginiň Direktory Kornel Ionesku, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory J.Gurbangeldiýew, Söwda-senagat edarasynyň halkara gatnaşyklar departamentiniň başlygy Wirjil Goaga, Awtomobil ýüklerini daşamagyň Milli birleşiginiň baş sekretary Radu Dinesku we Rumyniýanyň Ýüpek Ýoly birleşiginiň Prezidenti Apti Metin çykyş etdiler.

Tegelek stolyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary, şeýle hem häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylýan uly infrastrukturalaýyn taslamalar bilen tanyş boldular. Ähli çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler we olaryň döwletleriň we sebitleriň arasynda özarabähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem çykyş eden myhmanlar ulag ulgamynda Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýyndygyny bellediler.  

Ähli çykyşlar gutarandan soňra gatnaşyjylara Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty we onyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikletmekdäki orny barada wideo şekiller görkezildi.

Şeýle hem çäre tamamlanandan soňra Institutyň kabul edişlik otagynda furşet gurnaldy, onuň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi