icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 maý 2018

513

Halkara gatnaşyklary institutynda“Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi

2018-nji ýylyň 15-nji maýynda  2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”  ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň  DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda  Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Türkmenistandaky  Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi.

Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa  Kapuju,  Atatürk  uniwersitetiniň professory, doktor Ali Kafkasýaly we türk wekilýetiniň agzalary, şeýle-de  Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler “Beýik ýüpek ýolunuň ýüregi” hasaplanylýan Türkmenistan  bilen  Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň taryhy kökleri,  Beýik Ýüpek ýolunyň  taryhy, onuň şu günki we geljekki ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy  barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Atatürk uniwersitetiniň professory, doktor Ali Kafkasýaly  60-dan gowrak döwletleri özünde jemleýän Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen dilleriň, medeniýetleriň we dinleriň täsirleşendigini, üstünde dürli harytlar şeýle hem ýüpek daşalandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ugurda alyp barýan başlangyçlarynyň öz gezeginde Türkiýe Respublikasy tarapyndan hem uly goldaw  tapýandygyny aýtdy.

Maslahatda çykyş edenler iki döwletiň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalanmagyny we berkemegini arzuw etdiler.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi