icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

21 iýun 2018

3467

2017-nji ýylyň dowamynda edilen işler we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý barada Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçynyň maglumaty

(2018-nji ýylyň 9-njy iýuny)

Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolan Bitarap Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň esasylaryna goşuldy.

            Möhüm halkara resminamalaryna gatnaşmaklyk olaryň milli derejede netijeli durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglanşykly ýurdumyzda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagny ýurduň hereket edýän kanunçylygynyň hemişelik esasda seljerilmegi we onuň kämilleşdirilmegi, onuň kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle subutnamalaryň biri hem Hormatly Prezidentimiziň adam hukuklary we azatlyklary babatda döwletimiziň gatnaşýan esasy halkara şertnamalarynyň kadalarynyň milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylmagy, ýurduň bu babatda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi baradaky syýasatyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipä saýlanylmagynyň tertibi hakynda kadanyň girizilmegidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýändigi, 81-nji maddasyna bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýandygy baradaky kada girizildi. Esasy Kanunyň bu kadalaryny iş ýüzünde berjaý etmek bilen, 2016-njy ýylyň noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Konstitusiýanyň agzalan kadalaryna, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda deputatlar tarapyndan gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanda ilkinji gezek Adam hukuklary boýunça ygtyýarly  wekil – Adalatçy saýlanyldy. Şol ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Adalatçynyň diwany döredilip, bu institut öz ygtyýarlyklaryny berjaý edip, doly işläp başlady. “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, Adalatçy her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berýär we şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Bu maglumat Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmäge degişlidir.

Adalatçy tarapyndan geçen 2017-nji ýylyň dowamynda edilen işler we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý barada maglumat taýýarlanyldy we ol Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň seretmegine berildi. Şeýle-de Adalatçy şu ýylyň 9-njy iýunynda, özüniň ilkinji maglumaty bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Bu maglumat Adalatçynyň  ilkinji  maglumaty bolup, onuň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň we adam hukuklary babatda ýurtdaky ýagdaýy seljermesiniň netijesine bagyşlanýar. 

            Kanun esasynda Adalatçynyň her ýyl bu maglumaty taýýarlamagynyň esasy maksady şulardan ybarat bolup durýar:

            döwlet häkimiýet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, halkara guramalaryny we raýat jemgyýetçiligini ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan ýerine ýetirilen işler, şeýle-de Türkmenistanda adam hukuklary we azatlyklary babatda ýagdaý bilen tanyşdyrmakdan;       

            Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmek boýunça maksatlaryny we wezipelerini, işiniň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmekden;

            adamyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda  raýatlaryň hukuk sowatlylygyny  ýokarlandyrmakdan;

            adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyny aradan aýyrmak we öňüni almak, adam hukuklaryny goramak meseleleri boýunça kanunlary we hukuk ulanyş tejribesini kämilleşdirmek boýunça işlenilip taýýarlanylan teklipler, Adalatçynyň döwlet edaralary, halkara guramalary we raýat jemgyýeti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça hereketler hakynda habarlylygy ýokarlandyrmakdan ybarat  bolup durýar.

            Maglumat girişden we sekiz bapdan ybarat bolup, ol baplar Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň-Adalatçynyň döredilmegi we onuň işiniň guralyşy, hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň seljermesi, raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça seljerme, Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri, Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşygy, halkara hyzmatdaşlygy, Adalatçynyň netijeleri we teklipler baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Maglumatyň her bir babynyň düýp mazmunynyň üstünde gysgaça durup geçeliň.

            Maglumatyň 1-nji baby Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de  azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyna syn bermeklige bagyşlanýar. Has takygy bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek we durmuşa geçirilýän işler barada aýdylýar we ol bap iki bölekden, ýagny raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklar,  şeýle hem raýatlyk we syýasy hukuklar böleklerinden ybaratdyr.

Türkmenistan Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda Halkara paktyny 1996-njy ýylda tassyklady. Pakta laýyklykda Türkmenistanyň her bir raýatynyň ýeterlik ýaşaýyş durmuş derejesine bolan hukugyny ykrar etmek bilen, Türkmenistan bu hukugy iş ýüzünde berjaý etmegiň hukuk kepilliklerini döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek çärelerini yzygiderli amala aşyrýar. 

Paktda ykrar edilýän hukuklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, onuň düzgünlerini kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Ýagny, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýänligi munuň şeýle edilýänliginiň subutnamasydyr.

Zähmet çekmäge bolan hukuk, her bir adamyň zähmetiň adalatly we amatly şertlerine bolan hukugy, her bir adamyň öz ykdysady we durmuş bähbitlerini goramak üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşigini döretmäge hem-de öz islegine görä olara agza bolmak hukugy, şeýle hem her bir adamyň durmuş üpjünçiligine, şol sanda durmuş ätiýaçlandyrmasyna, saglygyny goramaga hem-de jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, bilim almaga, ýurduň medeni durmuşyna gatnaşmak hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen kepillendirilýär, hem-de beýleki kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar we iş ýüzünde berjaý edilýär. 

            Muňa mysal edip ýurdumyzda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilendigini we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Raýatlarymyzyň Raýatlyk we sýýasy hukuklary babatda aýdanymyzda, Türkmenistan 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda halkara paktyna hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyna goşuldy. 1999-njy ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistan paktyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen ikinji Fakultatiw teswirnamasyna goşuldy.

  Raýatlyk we syýasy hukuklar we azatlyklar beýleki ähli hukuklaryň hereket etmeginiň hökmany şerti bolup durýar. Syýasy azatlyklary amala aşyrmak mümkinçiligi şahsyýetiň erkinliginiň esaslarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyna goşulan wagtyndan bäri, gatnaşyjy döwlet hökmünde adamyň bu hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda hukuk we syýasy ygrarlylygyny görkezdi. Şu maksat bilen Paktyň esasy düzgünleri Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalaryna ornaşdyryldy.

Bulardan başga-da Adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, halkara hukuk kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak hem-de olary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy (22.01.2015ý.), Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy (15.01.2016ý.), Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy (18.03.2016ý.) tassyklanyldy.

Hereketleriň milli meýilnamalary adamyň we raýatyň ykdysady, durmuş, medeni, raýatlyk we syýasy hukuklaryny üpjün etmek we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek maksady bilen  kabul edilendir. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Konstitusiýa we kanunlara laýyklykda bolsa, raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni, raýatlyk we syýasy hukuklary, azatlyklary doly kepillendirilendir.

Indi bolsa Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň döredilmegi we onuň işiniň guralyşyna bagyşlanan bapda görkezilenler barada aýtmak bilen, bu garaşsyz institutyň dünýäde döreýiş taryhy, onuň ähmiýeti, ýurdumyzda bu institutyň ilkinji gezek döredilmegi baradaky maglumatlaryň üstünde gysgaça durup geçeliň.

1946-njy ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi adam hukuklaryna ünsi ýokarlandyrmak baradaky çözgüdinde, her bir ýurduň, öz ýurtlarynyň çäklerinde adam hukuklary boýunça maglumat beriji toparlary ýa-da ýerli komitetleri döretmekligiň gerekligini talap etdi. 1960-njy ýylda – adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde milli edaralaryň ähmiýetini ykrar etdi. 1991-nji ýylyň oktýabrynda Parižde adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesini kesgitleýän we işini düzgünleşdirýän Ýörelgeleri (Pariž ýörelgeleri) kabul edildi. 1993-nji ýylda Pariž ýörelgeleri BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanyldy. Pariž ýörelgelerinden gelip çykyşy ýaly, adam hukuklaryny goraýan milli edaralaryň işiniň esasy ýörelgesi hukuk we operatiw özbaşdaklyk bilen üpjün edilýän institutyň garaşsyzlygy bolup durýar, ýagny hukuk derejesi Konstitusiýada ýa-da parlamentiň kabul edýän kanunlarynda berkidilen, maliýe özbaşdaklygy, işgärleriň garaşsyzlygy, edaranyň düzümi, şeýle hem wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň aýratyn (aýdyň we garaşsyz) düzgünleri bilen berkidilýär.   

Pariž ýörelgeleriniň esasyny düzýän ikinji bölümi, Ygtyýarly wekiliň ygtyýarlygyna degişli talaplaryň üçüsinden: ýagny ygtyýarlyklarynyň doly möçberi, konstitusion ýa-da başga kanunçylyk bilen berkidilmegi, işiniň anyk düzgünleşdirilmeginden durýar. Şunuň bilen baglylykda bu milli edara ýerine ýetirýän wezipeleri babatda giň azatlyklara: ygtyýarlygynyň çäklerinde islendik meselelere erkin seretmek, islendik adamy diňlemek we islendik maglumaty almak, jemgyýetçilige ýüzlenmek, işçi toparlary döretmek, geňeşmeleri geçirmek, döwletiňki däl edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda erkinlige eýe bolmalydyr.   

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan, parasatly başlangyçlaryndan ugur almak bilen, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamagyň tertibini we onuň işininiň ugurlaryny kesgitleýän hukuk esaslaryny taýýarlamak işine 2015-nji ýylda badalga berildi. Kanun taslama taýýarlanylanda, Pariž ýörelgelerinde düzgünleşdirilen halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän nusgalary, ýagny institutyň derejesini Konstitusiýada berkitmek arkaly üpjün edilýän garaşsyzlygy, maliýe özbaşdaklygy, işgärleriniň garaşsyzlygy, şeýle hem wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň konstitusion kadalaşdyryjy düzgünleri saýlanyp alyndy. Ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde adam hukuklarynyň üpjün edilmegini we goralmagyny berkidýän beýleki kadalar bilen birlikde Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliň saýlawlarynyň tertibini kesgitleýän kada girizildi.

            Şu ýerde adam hukuklary boýunça garaşsyz edaralary döretmegiň we olaryň işiniň halkara tejribesini öwrenmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň zerur şertleri döredendigini bellemek gerek.Degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň dürli ýurtlarynyň adam hukuklary boýunça garaşsyz institutlaryny döretmek ulgamyny we işini öwrenmek boýunça birnäçe okuw saparlary guraldy. 

“Adalatçy hakynda” Kanun taslamasyny işläp taýýarlamagyň barşynda, Türkmenistan adam hukuklary boýunça milli edaralary döretmek we berkitmek meseleleri bilen meşgullanýan edaralaryň köpsanlysy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümine girýän guramalar, hususan-da, Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk edip, bilelikde geçirilen maslahatlaryň we “tegelek stollaryň” barşynda halkara bilermenleriniň pikirleri diňlenildi we işçi toparyň agzalary bilen kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Agzalan kanuny esaslara laýyklykda Adalatçynyň saýlanylmagy, onuň diwanynyň döredilmegi barada  ýokarda bellenilip geçildi.

Maglumatyň üçünji baby Adalatçynyň  2017-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işlerine geçirlen seljermäniň netijesini öz içine alýar.

Adalatçy saýlanylyp, onuň diwany döredilenden soň Adalatçynyň esasy işi guramaçylyk we esaslandyryş meselelerinden başlandy.

Ýagny Adalatçynyň diwanynyň döredilmegi bilen Kanunda göz öňünde tutulan kadalary amala aşyrmak hem-de diwanyň işini guramak maksady bilen, Adalatçynyň 2017-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran buýrugy bilen diwanyň işini düzgünleşdirýän “Adalatçynyň diwany hakynda” düzgünnama tassyklanyldy. 

Adalatçynyň 2017-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran buýrugy bilen Adalatçynyň diwanynyň gurluşy tassyklanyldy. Tassyklanan gurluşa laýyklykda diwan ýolbaşçylardan, Adam hukuklarynyň goragy we raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça işlemek bölüminden, baş hasapçydan ybarat bolup durýar. Şeýle hem Adalatçynyň buýrugy bilen diwanyň sekiz adamdan ybarat wezipe birligi kesgitlendi we tassyklanyldy. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, hökümetimiz tarapyndan Adalatçynyň diwanynyň işini ýerine ýetirmegi üçin şert döredýän maddy-enjamlaýyn binýadynyň doly  üpjün edilenligini bellemek gerek. 

Institutyň işläp başlan gününden Adalatçy tarapyndan raýatlary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy, onda hepdäniň kabul edilýän günleri we wagty görkezilen. Iş tertibi binanyň girelgesinde görünýän ýerde üç dilde (türkmen, iňlis, rus) asylyp goýuldy, oňa laýyklykda raýatlar kabul edilip başlandy.

Diwanyň işi ýola goýlandan soň Adalatçynyň buýrugy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji ýarymy üçin Iş meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnama “Adalatçy hakynda” Kanunda göz öňünde tutulan Adalatçynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda wezipeleri öz içine aldy.    

Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çykaran bikanun çözgütleri babatda ýüz tutmalaryna kanunçylykda bellenilen möhletlerde netijeli seretmek Adalatçynyň ileri tutýan wezipeleriniň biri hökmünde iş meýilnama goşuldy.    Bu wezipäniň amala aşyrylmagy netijesinde, diwanda degişli tertipde raýatlar dilden kabul edildi we olaryň ýazmaça ýüz tutmalaryna seredildi. Bular boýunça anyk görkezijileriň üstünde degişli bapda has takyk durup geçeris.

Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri hem adam hukuklary babatda milli kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen  kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmäge ýardam etmek bolup durýar. Bu ugur boýunça hem belli bir işler geçirildi, has takygy “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň işine gatnaşylmagyny hem-de bu kanun taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalarynyň öwrenilip degişli teklipleriň we bellikleriň berilendigini bellemek bolar.

            Türkmenistanyň halkara hukuk borçnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen döredilen “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary” bilen özara gatnaşyklaryň Adalatçynyň diwanynyň döredilen günlerinden başlanandygyny bellemek gerek. Adalatçy hasabat döwründe toparyň mejlislerine çagyrylan wekil hökmünde gatnaşyp, olarda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler boýunça pikirini beýan etdi. Bu gatnaşyklar Adalatçynyň Kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna, has takygy halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça döwletara edaralaryna we halkara guramalaryna berilýän milli hasabatlary taýýarlamaga we seredilmegine gatnaşmaga, berilýän maslahatlary öwrenmäge we olaryň üstünde işlemäge, şeýle hem adam hukuklary babatda beýleki degişli wezipelerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.  

          Kanunda bellenilişi ýaly, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, şeýle hem olaryň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek Adalatçynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglanşyklylykda hem-de raýatlaryň arza-şikaýatlary bilen ýüz tutmak hukuklaryny, şol sanda gysga möhletde möhüm meseleleri bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek maksady bilen Adalatçynyň ýurdumyzyň sebitlerinde raýatlary kabul edişlikleri hem guraldy.

            Şeýle-de Adalatçynyň ýurdumyzyň sebitlerinde saparda bolan döwri, onuň hukuk habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmek wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, welaýatlarda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde Mejlisiň deputatlarynyň, etrap, şäher we welaýat häkimlikleriniň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport bölümleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jogapkär işgärleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyklar guraldy. Duşuşyklarda Adalatçynyň  “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipe-ygtyýarlyklary we borçlary, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunçylyk namalarynda adamyň we raýatyň  hukuklaryny üpjün etmek we berjaý etmek baradaky kadalar  boýunça Adalatçynyň çykyşy diňlenildi, gatnaşyjylar bilen pikir alyşyldy, olaryň teklipleri ara alyp maslahatlaşyldy.     

            Kanunyň kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen Adalatçy adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalary we döwletara edaralary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaga hukuklydyr.

            Şu maksat bilen Adalatçynyň diwany işläp başlan wagtynda Halkara Guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň onlarçasy geçirildi. Hasabat döwründe Adalatçynyň Diwany tarapyndan alnyp barlan işler umuman şu aýdylanlardan ybarat bolup durýar.

            Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça geçirilen seljermä bagyşlanan bap şu maglumatlary öz içine alýar.

            Ýüz tutmalar bilen işlemegiň örän möhümdigini “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny doly göz öňünde tutýar. Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çözgütlerine ýa-da hereketlerine bolan şikaýatlara seredýär we olar boýunça barlag geçirmäge hukuklydyr.

Adalatçynyň diwanynyň döredilen wagtyndan, has takygy 2017-nji ýylyň aprel aýyndan dekabr aýynyň ahyryna çenli ýüz tutmalaryň 439-sy hasaba alyndy, olaryň 254-si  ýazmaça we 185-si dilden beýan edilen ýüz tutmalardyr.

Institutyň döredilenine kän wagt geçmänine garamazdan agzalan görkezijileriň emele gelmegi, ozaly bilen ilatyň öz hukuklaryny goramagyň serişdeleri babatda, has takygy ilatyň hukuk habarlylygynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.

Ýazmaça ýüz tutmalaryň 6-sy boýunça şikaýat etmegiň möhleti geçirilendigi, 7-sine gol çekilmändigi, 26-sy bolsa şol bir manyda gaýtadan berilen arzalar bolanlygy sebäpli, kanunda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda olar seredilmän galdyryldy.    

 

Şeýlelikde, gelip gowşan 254 ýazmaça ýüztutmalaryň 141-si boýunça Adalatçynyň diwany tarapyndan, şeýle hem kanunyň kadalaryna laýyklykda degişli döwlet edaralaryň ýardam bermeginde barlaglar geçirilip, arzalaryň 90-sy boýunça olaryň hukuklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirişleri berildi. Gelip gowşan arzalaryň umumy sanyndan, ýagny ýüz tutmalaryň 254-inden 25-si kanagatlandyryldy, bu bolsa ýüz tutmalaryň   9,8 % düzýär.

Indi bolsa Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri baradaky babyň üstünde durup geçeliň.  

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda ýörite göz öňünde tutulan Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri raýatlaryň ýüztutmalary bilen işlemegiň möhüm bölegi bolup durýar hem-de Adalatçy bilen döwlet edaralarynyň arasynda jogapkärli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy Kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýragoýulmasyz dikeltmek hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklibini ugradýanlygy göz öňünde tutulan.

Adalatçynyň teklipleri – möhüm resminamadyr hem-de Adalatçynyň teklibini alan kärhanalar, edaralar, guramalar ýa-da wezipeli adamlar bir aýyň dowamynda teklibe seretmäge we görlen çäreler barada ýazmaça jogap bermäge borçludyrlar. Hasabat döwründe ýüz tutmalar boýunça şeýle teklipleriň 6-sy taýýarlanylyp degişli edaralara ugradyldy, berlen teklipler degişlilikde seredilip, öz çözgüdini tapdy.

            Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy baradaky bapdaky maglumatlar barada aýdanymyzda, Adalatçynyň ýurdumyzyň çäginde geçirilen çäreleriň 6-syna gatnaşanlygyny belläp geçmek bolar.

            Adalatçynyň halkara hyzmatdaşlygy babatda alyp baran işleri barada aýdanymyzda, Adalatçynyň instituty döredilende Türkmenistan adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak  bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesini kesgitlän we işini düzgünleşdiren Pariž ýörelgelerinden ugur alyndy. Bu ýörelgelere laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň adamyň we raýatyň hukuklaryny goramak meseleleri bilen meşgullanýan düzümleri, beýleki ýurtlaryň sebit we milli edaralary bilen hyzmatdaşlyk adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň milli edaralarynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň döredilen ilkinji günlerinden ol dünýä bileleşiginde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýlelikde, Adalatçynyň diwanynyň işläp başlan ilkinji günlerinde onuň ÝHHG-niň Baş sekretary, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili şeýle hem BMG-niň ýurdumyzdaky beýleki wekilçilikleriniň ýolbaşçylary bilen, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň ýolbaşçysy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) sebit boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministriniň Hemişelik kömekçisi, Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy, Italýan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň barşynda olar Adalatçynyň diwanynyň derejesi, onuň işiniň esaslary, ygtyýarlyklary we ösüş mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalarynyň wekilleri bolsa öz nobatynda adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek meselelerinde bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.       

Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek we ösdürmek maksady bilen Adalatçynyň diwany halkara guramalary, şol sanda birnäçe ýurtlaryň hukuk goraýjy institutlary bilen özara gatnaşyklary saklaýar.

BMG-niň düzümine girýän BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasy, Çagalar gaznasynyň (UNICEF)  wekilhanasy, BMG-niň  Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekiliniň edarasy, şeýle-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkezi we beýlekiler Adalatçynyň diwanynyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýarlar.

Bu hyzmatdaşlygyň çäginde bilelikde birnäçe maslahatlar geçirildi, halkara maslahatlara, iş saparlaryna gatnaşyldy.

            Geljekde-de Adalatçynyň diwany tarapyndan halkara hukuk goraýjy guramalar, ilkinji nobatda BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygyň netijelidigini nazara almak bilen, onuň ýokary netijelerine oňyn baha bermek bilen, raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň ähli ugurlary boýunça adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işler dowam etdiriler.   

Indi bolsa maglumatyň Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barlan işler boýunça gelnen netijeler we berlen teklipleri öz içine alýan soňky babyň üstünde durup geçeliň.

Bir ýylyň dowamynda geçirilen işler geljekde üns bermegi talap edýän meseleleri kesgitleýän umumy netijeleri çykarmaga hem mümkinçilik berýär.  Şonuň üçin hem maglumat bir ýyllyk iş tejribesinden çykarlan soňky we  möhüm netijämiz bilen tamamlanýar.

Ýagny Adalatçynyň diwany tarapyndan ýerine ýetirilen işlere geçirilen seljermäniň netijeleri boýunça, ýurtda adam hukuklaryny goramak boýunça ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen birnäçe teklipler taýýarlanyldy we maglumatyň jemleýji babynda ýerleşdirildi. Teklipler şulardan ybaratdyr.

Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşulmak bilen, Türkmenistan onuň kadalaryny milli kanunçylyga yzygiderli ornaşdyrdy. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bellärliklidir. Türkmenistanyň kanunçylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, çaganyň hukuklarynyň goragy meselesi boýunça şular teklip edilýär:

- çaganyň hukuklaryny goramak ulgamynda işleýän ähli döwlet edaralaryny we jemgyýetçilik birleşiklerini, çaganyň hukuklaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny, maksatnamalary işläp taýýarlamaga, olara baha bermäge, amala aşyrmaga hem-de seljerme geçirmäge yzygiderli çekmegi;      

            - orta okuw mekdeplerini tamamlanyndan soň çagalaryň jemgyýete has-da uýgunlaşmagy üçin, okuw maksatnamalarynda adam hukuklary babatda sapaklary öwrenmekligi giňeltmek mümkinçiligine seretmegi.

            Ýurdumyzda Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramaklyga uly üns berilýär. Munuň şeýledigine subutnamalarynyň biri hem Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen tassyklanmagydyr, onuň iş ýüzünde berjaý edilmegidir. Bu maksatnamanyň çäginde kärhanalaryň işgärleriniň umumy sanyndan 5% möçberde dikeldişiň aýratyn maksatnamasyna laýyklykda zähmet çekmäge mümkinçiligi bolan maýyp adamlar, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ýa-da maýyp çagalary terbiýeleýän ýalňyz we köp çagaly ene-atalar üçin iş orunlaryny döretmegiň tertibini kadalaşdyrýan Düzgünnama tassyklanyldy. Mundan başga-da, soňky on ýyllyklaryň dowamynda ýollar, binalar we beýleki desgalar gurlanda, ulag serişdeleri alnanda, döwlet tarapyndan maýyp adamlaryň bähbitleri giňden göz öňünde tutulýar, ýagny maýyplygyň dürli görnüşlerine eýe bolan adamlaryň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýan kadalara laýyklykda ýörite enjamlar, kömek beriji serişdeler (panduslar, düşelgeler, liftler, eňňitler we beýlekiler) goýulýar. Şonuň bilen baglylykda şular teklip edilýär:

- maýyp adamlaryň ukyplaryna hem-de degişli öňdebaryjy tejribä  salgylanmak bilen, maýyplaryň oňyn taraplaryny işjeň wagyz etmek maksadynda jemgyýetçilik guramalarynyň ýardam etmegi, hem-de maýyplaryň guramalaryny çekmek bilen aň-bilim terbiýeçilik çärelerini yzygiderli geçirmegi;

- oba we şäher ýerlerinde ähli binalaryň taslamalarynyň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň, habar beriş serişdeleriniň we durmuş ulgamlarynyň, ulaglaryň we hyzmatlaryň ilatyň islendik toparlary üçin elýeterli köpugurly işlenip taýýarlanmagyny geljekde hem höweslendirmegi;

- maýyp adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen olaryň elýeterlik talaplarynyň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçiligi girizmek mümkinçiligine seretmegi;

- ýurdumyzyň ykdysadyýet, ylym we bilim, medeniýet, sport, halkara gatnaşyklary ulgamlarynda geçirilýän uly işler, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän beýleki özgerişlikler barada gürrüň berýän Türkmen telewideniýesiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynda “sessiz terjimeçiniň” wezipesini girizmek mümkinçiligine seretmekligi;

Türkmenistanyň Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýa hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyna goşulmagy bilen, olaryň kadalary milli kanunçylyga ornaşdyryldy. Şeýlelikde, 2007-nji ýylda kabul edilen “Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň kanuny kämilleşdirildi we 2015-nji ýylda “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi. Zenanlaryň öz hukuklary we olary amala aşyrmagyň serişdeleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem maşgala berkligini üpjün etmek maksady bilen şular teklip edilýär: 

- döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan geljekde hem jemgyýetçilik guramalary we habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly Konwensiýanyň hem-de hereket edýän milli kanunçylygyň kadalary hakynda maglumatlary zenanlara ýetirip, olara hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek işlerini mundan beýläk hem yzygiderli dowam etmekligi we hususan-da onuň netijeliligini  ýokarlandyrmagy;

  - ýerlerde bilim, amaly sungat, medeniýet, sport we beýleki ugurlarda maşgalalaryň arasynda bäsleşikleri gurap, olara gyzyklanma bildirýän ähli guramalary çekmegi.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna iş kesilen adamlardan ýüz tutmalar gelip gowuşmady, ýöne olaryň şahsyýetleri babatda durmuş deformasiýasyny aradan aýyrmak, abraýlaryny dikeltmek, azatlykdaky durmuşa taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek üçin şular teklip edilýär: 

- iş kesilen adamlar bilen işlemegiň maksatnamalary boýunça olaryň şahsy-ruhy ahlak sypatlaryny öwrenmek hem-de jenaýat bilen bagly ahlak üýtgemelerini düýpli aýyrmak işlerine degişli hünäri bolan işgärleri, şol sanda psihologlary ýygy-ýygydan çekmekligi;

- azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde tälimçileri we beýleki hünärmenleri çekmek bilen sport seksiýalaryny gurnap, ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmekligi göz öňünde tutýan ýörite maksatnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi.

Kanunyň kadalaryna laýyklykda, Adalatçynyň kazyýetiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere seretmeýänligi, emma kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edilip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman berlen şikaýata seretmekligi göz öňünde tutulan. Şol kada laýyklykda Adalatçynyň adyna gelip gowşan ýüztutmalaryň umumy sanynyň belli bir bölegini raýatlaryň kazyýet edaralarynyň kararlary bilen ylalaşmaýanlygy, kähalatda kazyýet  önümçiliginiň alnyp barlyşyna nägilelik bildirilmegi, az möçberde bolsa-da, kazyýet çözgütleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeýänligi baradaky şikaýatlary düzýär.  Şunda  käbir şikaýatlaryň  esassyzdygyny, raýatlaryň köplenç halatlarda kanunlarda göz öňünde tutulan gorag usullarynyň we serişdeleriniň deňinden geçip, bu meseleleri çözmäge ygtyýary bolmadyk edaralara ýüz tutýanlygyny hem bellemek gerek. Görkezilenler bilen baglanyşyklylykda, kazyýet  kararlaryna bolan şikaýaty azaltmak, esassyz şikaýatlary aradan aýyrmak we raýatlaryň adalatly kazyýete elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen şular teklip edilýär:

- hukuk kömegini berýän edaralaryň raýatlara olaryň hukuklaryny elýeterli we bökdençsiz düşündirmegini, kanuna laýyk gelmeýän maslahatlaryň berilmegi üçin jogapkärçiligi ýokarlandyrmagy; 

-  kazyýet kararlaryna şikaýat edip gelýän raýatlary degişli  kollegiýalaryň ýolbaşçylary derejesine çenli kabul etmek, olaryň anyk kazyýet kararlary babatda meseleleri boýunça elýeterli kabul edişligi hasda kämilleşdirmegi;

- kazyýet çözgütleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine wezipeli adamlar, şeýle hem bergidarlar tarapyndan ünsüz garalmagy boýunça anyk teklipler bermek bilen, çözgütleriň ýerine ýetirilmegi üçin zerur  çäreleri görmegi.

Raýatlaryň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketleri baradaky arzalarynyň öwrenilmegi derňew astynda bolýan raýatlaryň hukuklarynyň bozulmagy hakynda jenaýat işleri derňelende işiň ýagdaýlaryna hemmetaraplaýyn, doly seretmek boýunça  kanunçylygyň talaplarynyň hemişe berjaý edilmeýändigini görkezýär, şonuň üçin hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketleri bilen iş-ýörediş kanunçylygynyň bozulmalaryny aradan aýyrmak, maksady bilen şulary teklip edilýär:    

- hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň medeni we hünär taýýarlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy;

- prokuratura edaralarynyň jenaýat işi gozgalan raýatlaryň şikaýatlaryny düýpli öwrenmegini, derňew işleriniň alnyp barlyşyna, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi.

Gelip gowşan arzalaryň öwrenilmegi ilatyň durmuş taýdan goralýan gatlaklarynyň käbir toparlarynyň, hususan-da, maýyplygy bolan adamlaryň, köp agzaly maşgalalaryň (öz maşgalalary bolan çagalaryň ene-atalarynyň maşgalalary), keseliň käbir görnüşlerinden ejir çekýän adamlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklaryny amala aşyryp bilmeýändigi barada görkezýär. Hereket edýän ýaşaýyş jaý kanunçylygy ipoteka karzlaşdyrmany girizmek bilen ýaşaýyş jaý gurluşygyny ösdürmek arkaly ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmegiň bazar usullarynyň ileri tutulmagyny göz öňünde tutýar. Şonuň bilen birlikde ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklary babatda soňky özgertmeler aýratyn mätäçlik çekýän adamlary üpjün etmeklige gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda gol çeken “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda”  15092-nji Kararyna laýyklykda her sebitde we Aşgabat şäherinde şeýle jaýlar gurlup, olardaky öýler ýörite döredilen ýaşaýyş jaý topary tarapyndan berildi. Raýatlaryň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglylykda şulary teklip edilýär:

- ýaşaýyş jaý toparlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş jaý meselelerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli usullary ulanmagyny, nobatlylygy berk berjaý edip, olary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek mümkinçiligi boýunça işleri güýçlendirmegi, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýer böleklerini bermekde aýdyňlygy, kanunylygy üpjün etmegi.

Raýatlardan zähmet meseleleri boýunça Adalatça gelip gowuşýan hatlar esasan olaryň işe ýerleşmegi bilen bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda şulary teklip edýäris: 

- edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň ilaty işe ýerleşdirmek boýunça degişli zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümine öz boş iş orunlary barada maglumatlary takyk we öz wagtynda bermeklerini gazanmagy, şunda işe kabul edilende zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölüminiň ýollanmasy boýunça gelen adamlar üçin ileri tutulýan ugry kesgitlemek mümkinçiligine seretmegi.  

Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmagy bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň wezipelerini amala aşyrmak, şeýle hem ýurtda adam hukuklary babatda ýetilen sepgitleri has-da açyp görkezmek maksady bilen  teklip edilýär: 

- adam hukuklary babatda aýratyn ugurlar boýunça BMG-niň ýörite dokladçylaryny çagyrmak mümkinçiligi baradaky meselä seretmegi. 

Adam hukuklary babatda aň-bilimi ýokarlandyrmak işleri bilim, durmuş we medeni ulgamlarda, çagalar edaralarynda, hukuk goraýjy we kazyýet edaralarynda jenaýat-ýerine ýetiriş ulgamynyň edaralarynda geçirilmelidir hem-de bu iş diňe adam hukuklary, olary goramagyň usullary hakynda maglumatlaryň berilmegine däl-de, eýsem adam hukuklarynyň medeniýetini kemala getirmäge ýardam edilmegine gönükdirilmelidir. Bu iş hukuk ýörelgelerini ret etmek hem-de adamyň döwletiň eklenjinde bolmak ýaly jemgyýetçilik hadysalaryndan üstün çykmaga çagyrar. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin şular teklip edilýär:

- ilatyň adam hukuklary babatda bilimliligini we habarlylygyny ýokarlandyrmak çärelerini göz öňünde tutýan döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň mümkinçiligine seretmek;

- adam hukuklary babatda üznüksiz hukuk bilim we habarlylyk ulgamynyň döredilmegini; adam hukuklaryny öwrenmek hakynda düzgünleriň bilim barada döwlet standartlaryna goşulmagyny; ýokary okuw mekdeplerde, aýratyn-da ynsanperwer hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin adam hukuklary boýunça ýörite okuwlaryň girizilmegini; hünärment toparlary üçin adam hukuklary babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamagy we amala aşyrmagy; bildiriş we neşirýat işi arkaly köpçilikleýin habar beriş serişdelerinde habarlylyk boýunça işleri geçirmegi; bilim ulgamynda habar bermek, adam hukuklary babatda habarly etmek, okatmak we terbiýelemek, ylmy işleri höweslendirmek bilen meşgullanýan döwletiňki däl edaralary, ylym we bilim edaralaryny goldamagy we höweslendirmegi; giň jemgyýetçilik üçin habarlylyk we aň-bilim häsiýetli çäreleriň guralmagyny; adam hukuklaryny goramak babatda bilim boýunça sebitleýin we halkara resminamalarynyň maglumat binýadynyň jemgyýetçilige elýeterliligini üpjün etmegi; adam hukuklary boýunça aň-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi – hukuk goraýyş bilimi babatda hereketleriň döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlary hökmünde göz öňünde tutmak mümkinçiligine seretmekligi teklip edilýär. Bu edilen teklipleriň degişli döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan  öwrenilip, degişli işleriň geçiriljekdigine ynanýarys.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi