Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi

018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi.

Sammitiň işine AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Prezidentleri, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Mejlisde döwlet Baştutanlary Aral deňziniň basseýniniň ekologiki, suw hojalyk we sosial-ykdysady ýagdaýyny gowlandyrmaklyga gönükdirilen zerur meseleleriň hataryna seredip geçdiler.

AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Liderleri özleriniň çykyşlarynda AHHG-na sebitiň ýurtlarynyň Aral deňziniň basseýniniň ekologiki, suw hojalyk we sosial-ykdysady ýagdaýyny gowlandyrmaklyga gönükdirilen sebitleýin meseleleriň toplumyny çözmekligiň uniwersal platformasy, şol bir sanda sebit taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirmekligiň ýoly hökmünde garaýandyklary we geljekde bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýardyklaryny bellediler.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ekspertleri tarapyndan halkara hyzmatdaşlaryny çekmek arkaly taýýarlanan Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň (ADBM-4) baş ýörelgesine seredildi we tassyklanyldy.

Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.