Türkmenistanyň DIM-nde AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijelerine bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň DIM-niň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bilermen-ekologlar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we Türkmenistanyň DIM-niň ýanynda akkreditirlenen žurnalistleri gatnaşdylar.

2009-njy ýylda soňky gezek geçirilen AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynyň oňyn netijelerini bellemek bilen, Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek işinde gaznanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda çäräniň ähmiýetini bellediler.

Sammite taýýarlygyň dowamynda Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça Maksatnamanyň (4-nji tapgyry) konsepsiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasy ýaly resminamalaryň üstünde işlenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň azalmagyny göz öňünde tutmak bilen suw serişdelerini dolandyrmak meselesinde sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň gyzyklanmalaryny öz içine alýan hukuk mehanizmi döretmegiň zerurlylygy barada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülen konsepsiýasy hakynda aýdyldy.

AHHG-niň öňünde duran meseleleri çözmekde türkmen Lideriniň ulgamlaýyn çemeleşmesine ünsi çekip, çärä gatnaşyjylar sebitleýin Sammitlere taýýarlygyň çäginde bilermenleriň we ministrlikleriň derejesinde duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny bellediler. Şeýle hem, Merkezi Aziýa döwletleriň ýolbaşçylarynyň maslahat beriji institutynyň döredilmeginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitleriň dowamynda BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny yzygiderli geçirilýän sammitleriň çäklerinde gepleşikler stolunyň başyna çagyrmagyň mümkin boljakdygyny belledi. Bu bolsa öz gezeginde Aral deňzini goramka we dikeltmek boýunça işlerde dünýä jemgyýetçiliginiň özaragatnaşygyny has hem berkider.

Umuman, Awazada geçen duşuşygyň ähmiýetni belläp, çykyş edenler Sammitiň netijeleri sebitleýin özüşiň wajyp meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň utgaşykly çemeleşmeleriniň subutnamasydygyny ykrar etdiler.

AHHG-niň Sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmany tamamlamak bilen, metbugat maslahatyna gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamasynda berkidilen teklipler we başlangyçlar Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäginde geljekdäki işiň esasy ugurlaryny bellemäge ýardam eder we sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowlandyrmak boýunça amaly ädimlerinde şöhlelendiriler diýip ynam bildirdiler.