TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.