TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.