TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.