TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.