Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirdi

Ýakynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirililýän birinji Hazar ykdysady Forumynyň guramaçylykly geçirmegine bagyşlanan brifing geçirdi.

Ilçihananyň binasynda geçirilen brifinge Belarus Respublikasynyň Daşary işler, Ykdysadyýet hem-de Maliýe ministrlikleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Yerine ýetiriji komitetiniň, Belarus Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň, Belarus Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri şeýle-hem Minsk şäherinde ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjy myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary hem-de türkmeniň medeni we taryhy mirasy, amaly-haşam sungaty, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlar sergisi, şeýle-de Ilçihanada döredilen Medeni merkeziň milli eksponatlary bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi brifinge gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy baradaky maglumat bilen çykyş etdi.