TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 6-njy sentýabryndaky Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Hommadowiç Durdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.