TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-täjik toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.