TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.