Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden Çykyşy

(Aşgabat, 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwary)

 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, sizi Täze ýyl bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlamaga, size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat ediň!

Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär. Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir.

Şol bir wagtyň özünde bu sene çärýek asyryň dowamynda geçilen ýola ser salmak, onuň netijelerini jemlemek hem-de Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmündäki häzirki ösüşine baha bermek üçin ähmiýetli delil bolup durýar.

Häzirki döwürde biz siz bilen — dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bolan iri abraýly halkara guramalaryna wekilçilik edýän düzümler bilen bilelikde oňyn işleri amala aşyrýarys. Siziň pikirleriňiz we teklipleriňiz biz üçin örän gyzyklydyr we gymmatlydyr.

Munuň özi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde aýratyn möhümdir. Bu maslahatyň guramaçylyk meseleleri we onuň mazmuny babatda siziň anyk teklipleriňiz bar bolsa, men minnetdar bolaryn. Hususan-da, bize bilelikde bu forumyň mowzuklaýyn ugurlaryny hem-de maksatnamasyny we maslahaty alyp barmagyň tertibini kesgitlemek, onuň jemleýji resminamasyny işläp taýýarlamak wajyp bolup durýar.

Bu günki duşuşyga gatnaşýan halkara guramalarynyň wekilleriniň bu halkara maslahatyny guramaga we ony geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň düýpli özgerýän çylşyrymly şertlerinde garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan üçin daşary syýasy ugruny seçip almak esasy meseleleriň birine öwrüldi. Bu ugur nähili bolar, biz dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary nähili ýola goýarys, halkara hyzmatdaşlygyny haýsy ýörelgeler esasynda ösdüreris?! Türkmen döwletliliginiň, garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarlylygymyzyň ykbaly hut şu sowallaryň jogabyna hem-de biziň ony dürs saýlamagymyza bagly bolup durýardy.

Men muny bolşy ýaly aýdýaryn. Çünki daşary syýasat ugruny seçip almakda ýalňyşlyga ýol berilmeginiň döwletiň özygtyýarlylygyny ýitirmegine, onuň milli ösüşiň anyk maksatlaryndan has uzakdaky bähbitleriň gurşawyna çekilmegine sezewar bolýandygynyň taryhy mysallary az däldir.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi.

Biz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, ýöne şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty alyp barýarys. Türkmenistanyň bitaraplygyny halkara-hukuk derejesi hökmünde ykrar etmek boýunça biziň tagallalarymyza dünýäde hoşniýetli we düşünmek bilen garalmagy tötänleýin däldir. Biziň ýurdumyz, ilki bilen, sebit boýunça öz goňşularynyň, soňra-da Goşulyşmazlyk Hereketinde giň goldawa eýe boldy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasyny biragyzdan kabul etdi. Munuň özi paýhasly we öňdengörüjilikli çözgütdir. Onuň Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň şertlerindäki ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini wagtyň özi görkezdi. Şondan soň bolan wakalar bu ýörelgäniň oňyndygyny aýdyňlyk bilen tassyklady.

Bitarap Türkmenistan sebitde halkara parahatçylyk dörediji tagallalaryň möhüm bölegine öwrüldi. Geliň, Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Täjigistanda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagynda möhüm orun eýelän birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini ýatlalyň. Biziň Bitarap döwletimiziň paýtagty geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda owganiçi gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Munuň özi sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy. Biz bu çözgüdi ägirt uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamyň subutnamasy hökmünde kabul etdik.

Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bu ýerde bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi nygtalýar.

Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde ýüze çykýan meseleleri we jedelleri çözmekde gatnaşyklaryň medeniýetiniň berkarar bolmagyny wajyp hasaplaýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi.

Kararnamada Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdylmagy bellärliklidir. Kararnamanyň kabul edilmegi bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylygy, dünýäniň dürli künjeklerinde durnuklylygy pugtalandyrmak we saklamak işinde köptaraply diplomatiýanyň netijeli hem-de anyk gurallarynyň biri bolup hyzmat etjekdigine bil baglamak üçin ähli esaslar bar.

Bu Kararnamanyň örän wajypdygyna hem-de öz wagtynda kabul edilendigine, ozaly bilen bolsa, halkara syýasatynda ýeňil bolmadyk meýilleriň çäklerinde has-da zerurdygyna ynanýarys. Dünýä bileleşiginiň tagallalaryna garamazdan, Ýer togalagynyň birnäçe sebitlerinde ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, gapma-garşylyklaryň artýandygyny we ählumumy ösüşiň ýoluna hem-de onuň geljekki ugurlaryna bolan garaýyşlarda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň umumy derejesiniň pese düşýändigini nazara alanyňda, munuň özi has-da ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar üçin iş ýüzünde möhüm ähmiýeti bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny degişli derejede geçirmek boýunça birnäçe teklipleri işläp taýýarlaýar hem-de şolary BMG-niň garamagyna hödürlär.

Bu başlangyçlar taýýarlananda hem-de şolaryň geljekde durmuşa geçirilmeginde BMG-niň degişli düzümleri we beýleki abraýly guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bil baglaýarys.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyjy örän bähbitli hasaplaýarys we biz onuň durmuşa geçirilmeginde siziň goldawyňyza bil baglaýarys. Şeýle resminamanyň mümkin bolan gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň ösüşine ýol bermezlik we güýç ulanmaga çenli bolan ösüşini togtatmak, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikleri geçirmek ýagdaýyna getirmek üçin netijeli gural hökmünde halkara bileleşigi tarapyndan ulanylyp bilinjekdigine ynanýarys.

Şeýle hem biz ýakynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip etdik. Bu başlangyjyň öňe ilerledilmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek işinde eýeleýän wajyp ornuny nygtamak isleýärin.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalary bilen bilelikde birnäçe milli we sebit maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy, Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi. Biziň degişli halkara guramalaryndan bolan hyzmatdaşlarymyzyň bularyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna umyt edýäris.

Häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar. Men Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystanda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýaryn. Gepleşikleriň geçiriljekdigine pugta ynanýaryn. Bu babatda güýç ulanmagyň netijesizdigini we bu usulyň geljeginiň ýokdugyny geçen döwrüň tejribesi subut etdi.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer goldawyny berip gelýär. Şeýle kömek goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek-goldawlarda öz beýanyny tapýar. Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Şeýle kömekleriň Türkmenistanda işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda mundan beýläk-de yzygiderli esasda ýerine ýetiriljekdigine we goldaw beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de halkara bileleşigini ynandyrýaryn.

Owgan hünärmenleriniň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň, ilkinji nobatda, energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ýaly durmuş taýdan wajyp pudaklardaky işleriň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan galkynmagynyň hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Biz olary amala aşyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis we Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys.

Bu gün biz türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berýäris. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, onuň özara peýdaly daşary ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Şunda Türkmenistanyň Bitaraplygy şeýle hyzmatdaşlygy haýsydyr bir babatda syýasylaşdyrmakdan saklaýar, biziň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýär. Bu ýerde özara bähbit, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar.

Şeýle ýörelgelere biziň hyzmatdaşlarymyz oňat düşünýärler we oňa ýokary baha berýärler. Bu bolsa dürli ýurtlar we kompaniýalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bitarap döwlet hökmünde biz halkara derejämizden gelip çykýan anyk we aýdyň ýörelgelere esaslanyp, özümiziň uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýamyzy döredip bilýäris.

Oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna yzygiderli ygrarlylygymyz Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir täjirçilik we ykdysady bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir.

Bu bolsa, öz nobatynda, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, halkara ykdysady hyzmatdaşlykda açyklyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder. Hut şu esasy ýörelgeler halkara guramalarynyň ykdysady, maliýe we maýa goýum ugurly işleriniň esasyny düzýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe düzümleri bilen öz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge taýýardygy barada aýtmagy ýerlikli hasaplaýaryn. Şeýle hem geçen ýylda biz Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň düzgünlerini we ugurlaryny öwrenmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirdik.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şeýle hem şu gün men Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşmak, Türkmenistanyň bu ugurda toplan tejribesini paýlaşmak isleýärin.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň bu Gün tertibi doly goldandygyny, Durnukly ösüş maksatlaryna goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrmaga dessine girişendigini nygtamak zerurdyr. Baryp, 2015-nji ýylyň oktýabrynda BMG-niň agentlikleri bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şolaryň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň düzümi ylalaşyldy we tassyklanyldy.

Şeýle geňeşmeleriň netijeleri boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 150-ä golaýy we görkezijileriň 200-e golaýy seçilip alyndy hem-de şolar Hökümet derejesinde tassyklanyldy. Şeýlelikde, BMG-niň baha bermegine görä, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt boldy.

Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileri Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna sazlaşykly goşuldy. Bu maksatnamany Durnukly ösüş maksatlaryna utgaşdyrmagyň ykdysady bölegi ilatyň elýeterli, ygtybarly we öz wagtynda energiýa üpjünçiligine, durnukly ykdysady ösüşe bolan ählumumy hukugyny, iş bilen üpjünçiligini ýola goýmak, çeýe düzümi döretmek, durnukly senagatlaşdyrylmagyna goldaw bermek we täze ýörelgeleri höweslendirmek ugurlaryna gönükdirilendir. Şunda ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn sanly ulgama geçirilmegi ähmiýetli hasaplanylýar.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň durmuş ugruna gönükdirilendigi äşgär görünýär. Gürrüň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň iýmitlenişini gowulandyrmak, ählumumy sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, doly gender deňligini üpjün etmek, hemmetaraplaýyn, düýpli we ýokary hilli bilim üçin zerur şertleri döretmek barada barýar.

Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we durmuş ulgamynda milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine girişmek bilen, şolary Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolan ekologiýa ugry bilen örän jogapkärli we gyşarnyksyz utgaşdyrýar.

Munuň üçin ýurdumyz ykdysadyýetiň senagat, oba hojalygy, ulag we beýleki pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär. Biz bu mesele babatynda öz garaýyşlarymyzy hemişe anyk beýan edýäris: ekologiýa, daşky gurşawy goramak meseleleri nähili özüne çekiji bolup görünse-de, täjirçilik bähbitlerine hyzmat edip bilmez. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmeginiň sebitde ekologiýa wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglydygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Aral deňzini halas etmek olaryň hatarynda baş wezipeleriň biri bolup durýar. Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşygynda bu ugurda biziň tagallalarymyz içgin ara alnyp maslahatlaşyldy, aýry-aýry ylalaşyklar gazanyldy. Şeýlelikde, AHHG-nyň işini kämilleşdirmegiň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim ädildi.

Bu ugurda işjeň hereket etmegi, halkara bileleşiginiň, ozaly bilen bolsa, BMG-niň onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçiliklerini giňden herekete getirmegi zerur hasaplaýaryn. Biz Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürdük. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň üçin oňat binýat bolup durýar.

Suw serişdelerine deňhukukly we adalatly elýeterliligi üpjün etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de halkara düzümleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi zerurdyr. Şunda Türkmenistanyň garaýşy hemmelere mälimdir: biz suw serişdelerinden peýdalanmak meselelerine garamak we bu meseläni çözmek halkara hukuk kadalary, özara hormat goýmak esasynda we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen halkara guramalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris.

Umuman, Durnukly ösüş maksatlary boýunça netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýarys. Halkara, sebit we milli derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşdirilmeginiň zerurdygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy,

ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygymyzyň giňeldiljekdigine berk ynanýaryn.

BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde uly netijeleri gazanandygymyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýakyn wagtlarda ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmegi maksat edinýäris.

Ynsanperwerlik meseleleri barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda demokratik edaralaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan ençeme ýyllaryň dowamynda degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şunda adam şahsyýetiniň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki işiň baş maksady bolup durýar. Biz BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy ýaly düzümler hem-de ynsanperwer ugurly beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylyna parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça öz dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda gadam basýar. Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalary bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy belent jogapkärçilik bilen beýan edýäris.