TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 13-nji martynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.