TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.