TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.