TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,  Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.