TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.