TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 11-nji iýulynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.