TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,  Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.