TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.