icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 ýanwar 2023

3176

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy täze Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirdi

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Gruziýanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Ahal welaýatynyň häzirki zaman dolandyryş merkezi täze Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirdi.

Brifinge Gruziýanyň Birinji Kanaly, TW-24, “The Georgian Business Week” teleýaýlymlarynyň, “News Day Georgia”, “InterPressNews” habarlar agentlikleriniň, “Geoecohub” onlaýn neşiriniň, “Rezonans” , “Mnogonasionalnaýa Gruziýa”, “Swobodnaýa Gruziýa”, “Komsomolskaýa Prawda” gazetleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi D.Muratow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistany mundan beýläk-de gülläp ösdürmek, ýurduň döwlet binýadyny berkitmek, ykdysady kuwwatyny ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen uzak möhletleýin meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde şäheriň döremegi, ýurduň täze ösüş belentliklerine ynamly öňe gidişliginiň, halkyň döredijilik mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýene bir subutnamasydyr.

Žurnalistlere şäherde, seýilgäh meýdançalarynda gurulýan gurluşyklar, binalar we desgalar, şeýle hem “akylly şäher tehnologiýalarynyň” kadaly işlemegini üpjün etjek häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary barada jikme-jik maglumat berildi.

Şeýle hem, özgerişler ýoluna düşen Türkmenistan döwleti öz ugryny "akylly" şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirýändigi nygtaldy. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi, täze şäher medeniýeti we ekologiýa nukdaýnazaryndan görelde bolup, Watanyň ösüşiniň aýdyň beýany we türkmen halky üçin buýsanç çeşmesi boljakdygy bellenip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi