icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 fewral 2023

1737

Türkmenistanyň BMG-biň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygynyň brifingi geçirildi

2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-biň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekiliniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy N.Germanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hemişelik wekilleriniň gatnaşmagynda brifing guraldy.

N.German, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Merkeziň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen soňky alty aýyň dowamynda alyp barýan işleri baradaky hasabaty barada habar berdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň Sebit merkeziň işine oňyn baha berýändikleri we mandatyny güýçlendirmek boýunça geljekdäki tagallalary goldaýandyklary nygtaldy.

Brifingde, hususan-da, 2022-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Merkeziň 15 ýyllygyna bagyşlanyp üstünlikli geçirilen halkara çäreler, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde her ýylky duşuşyk, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlar dialogynyň duşuşygy we Merkezi Aziýa bilermenler forumy barada bellenildi.

Merkezi Aziýada Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Strategiýany durmuşa geçirmek üçin Bilelikdäki Hereketler meýilnamasynyň netijeli amala aşyrylmagyna; Merkeziň ŞHG, KHŞG, GDA ýaly sebit guramalary bilen möhüm gatnaşygyna; sebit merkeziniň kömegi bilen sebitde döredilen köptaraplaýyn platformalary ösdürmegiň zerurlygyna; Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygynyň täsirine, şeýle hem energetika, azyk we ekologiýa howpsuzlygy, suw meseleleri we ş.m. möhüm meseleler boýunça kararlaryň bilelikde işlenip düzülmegine hem oňyn baha berildi.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa Merkeziň işine türkmen tarapyndan berk goldaw berilýändigini aýtdy hem-de sebitdäki we dünýä derejesinde ornuny has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan kararnamasynyň taslamasy boýunça sebitiň ýurtlarynyň maslahatlaşmalarynyň tamamlanandygy we
BMG-ä agza ýurtlar bilen bu taslamany Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisinde hödürlenmek boýunça guramanyň wekilleri bilen gepleşikleriň başlamanandygy barada habar berildi.

Şeýle hem, parahatçylygyň hatyrasyna Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň hemişe hereket etjek dialogynyň döredilmegi boýunça teklip beýan edildi we türkmen tarapyndan taýýarlanan degişli konseptual hat gowşuryldy.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri N.Germany BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenmegi bilen gutladylar hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň ösmegine we Sebit merkezi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli hökümetleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna goşan goşandyny bellediler.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi