icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2017

388

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi esas goýujy halkara namalaryna esaslanýar we gyzyklanma bildirýän ähli döwletleriň we halkara guramalarynyň energetika babatdaky özara hereketleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.

Energetika ugrundaky giň göwrümli we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda dünýä möçberinde bolup geçýän hadysalaryň durnukly we öňe tarap hereketiniň esasy möhüm ýagdaýy bolup durýar. Halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekdäki giňelme mümkinçilikleri, energetika hyzmatdaşlygynyň döwrebap arhitekturasynyň döremegine esas bolup hyzmat edýän ýörelgeler, bu arhitekturanyň howpsuzlygy we durnuklylygy – bularyň hemmesi köp babatda uzak möhletli geljege gönükdirilen ähliumumy ösüşiň umumy ugruny kesgitleýär.

Häzirki wagtda halkara energetika syýasatynyň gün tertibinde durýan meseleleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy babatda halkara jemgyýetçiliginiň öňünde durýan esasy maksatlaryň biri täze modelleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu modeller bolsa köptaraplaýyn energetika gepleşiklerini olara gatnaşýan taraplaryň ählisiniň bähbitlerine deňagramly seretmek, tebigy serişdelere, daşky gurşawa jogapkärli we aýawly garamak, energiýa çeşmelerinden we olary ulanmakdan gelip çykýan nygmatlaryň adalatly görnüşde bölünmegine gönükdirilen giň jemgyýetçilik talabyny göz öňünde tutmak esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmegi maksat edinýär.

Bu gün iň wajyp wezipe energiýa serişdeleriniň önümçilik pudagyny hem-de olaryň daşalmagyny we soňky nokatda sarp edilmegini öz içine alýan hemmetaraplaýyn we bölünmez energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hut şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär, biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky teklipleriniň we iş ýüzündäki hereketleriniň many-mazmunyny we ugruny kesgitleýär.

Energiýa göterijileriň dünýä bazarlaryna ygtybarly we goragly görnüşde iberilmeginiň kepillendirilmegi hakynda Türkmenistanyň tarapyndan işlenip düzülen başlangyçlara dünýäde has giňden düşünilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky Kararnamalarynyň türkmen taslamalaryna biragyzdan goldaw berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr, dünýäniň onlarça döwletleri bu resminamalaryň döredijileri bolup çykyş etdiler.

  Ýokarda beýan edilenleri göz öňünde tutup, Türkmenistan 2017-nji ýylda Konferensiýa başlyklyk eden döwründe energetika pudagynda halkara işiniň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýar.

Birinji. Häzirki wagtda halkara energetika strategiýasynyň işlenip düzülmegi energetika akymlarynyň köpdürliligi, olaryň geografiýasynyň giňelmegi, halkara energetika işlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän has köp sanly ýurtlaryň çekilmegi baradaky ýörelgelere esaslanýar. Bu ýerde gürrüň geoykdysadyýetiň hakyky bar bolan meýilleri barada gidýär, şunda hut diwersifikasiýa ýoly, dürli energiýa serişdeleriniň we energiýa göterijileriň dürli ugurlarynyň barlygy ählumumy energetika howpsuzlygynyň, tutuş dünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamynyň aýgytly şerti, ol gatnaşyklaryň birtaraplaýyn häsiýetde bolmazlygynyň we struktura babatda bozulmazlygynyň kepillendirmesi bolup durýar.

Ikinji. Türkmenistan energiýanyň netijeliligi we energiýanyň aýawly saklanmagy baradaky meselelere aýratyn orun berýär we olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny halkara energetika gepleşikleriniň möhüm we aýrylmaz bölegi hasaplaýar. Şol sebäpli günüň hakyky bar bolan talaby energetikanyň önümçilik we üstaşyr geçiriş infrastrukturasy döredilen mahalynda innowasiýon tehnologiýalaryň we dolandyryş usullarynyň ulanylmagyndan ybarat bolmalydyr.

Şunlukda Energetika Hartiýasyna gatnaşyjy döwletleriň umumy wezipesi hökmünde hakyky bar bolan ykdysady bähbitleriň we halkara hyzmatdaşlygynyň hakykatlarynyň tebigy serişdeleriň aýawly saklanmagynyň we olaryň netijeli ulanylmagynyň zerurlygy bilen birleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmenistan energiýa serişdeleri çykarylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, önümçilik işlerine netijeli gorag tehnoligiýalaryny ornaşdyrmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak maksady bilen, döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.

  Üçünji. Ekologiýa bolan aýawly we öňdengörüjilikli garaýyş, daşky gurşawyň özboluşly tebigylygyny gorap saklamak – häzirki zaman energetiki toplumynyň ýene bir esasy bölegidir. Şol sebäpli, energiýanyňtäzelenýän çeşmelerini ulanmak meseleleri halkara energetika işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär.

Bu ugurda kabul edilen degişli halkara resminamalarynyň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ynsan durmuşynyň esasy ugurlaryna tapgyrlaýyn ornaşdyrmakdan, ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary ülňülerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar.

 Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň çarçuwasynda gatnaşyjy döwletlere ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegiň wajyplygy, ykdysady infrastrukturanyň işlemeginiň möhüm bölegi hökmünde “alternatiw ýaşyl energetikanyň” ösmegi üçin şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garamak baradaky çagyryş bilen ýüzlenmegi niýet edinýär.

Dördünji. Halkara energetika akymlarynyň howpsuzlygy we ygtybarlylygy, halkara energiýa göteriji ulgamlaryň işlemeginiň kepilligi, energiýa geçirijileriň ugurlarynyň hukuk taýdan goraglylygy häzirki günde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýlelikde bu meselä umumy kabul edilýän we köpugurly çemeleşmeleriň, energiýa serişdelerini iberýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň aýdyň we üýtgewsiz ýörelgeleriniň işlenip düzülmeginiň zerurlygy has hem mälim bolýar. Türkmenistan bu meseleler boýunça öz garaýyşlaryny emele getirmek bilen, energiýa göterijileriň halkara üstaşyr geçirilişi deňhukukly we adalatly, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan görnüşde bolmalydyr diýen berk ynamdan ugur alýar.

Şu jähtden, Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermek meseleleri boýunça Köptaraply çarçuwaly ylalaşygyň taýýarlanmagy babatdaky işiň çaltlandyrylmagyny zerur hasaplaýar.

Bäşinji. Energetika ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilmegi köp babatda maýa goýum işleriniň derejesine we işjeňligine baglydyr.

Türkmenistan Konferensiýa başlyklyk eden döwründe maýa goýum serişdelerini energetika pudagyna ýerleşdirmäge, maýa goýumlarynyň ulanylşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge çynlakaý üns berer. Şunlukda maýa goýumlary babatda halkara tejribesini öwrenmek we iň gowy dünýä tejribesini ulanmak maksady bilen, Energetika Hartiýasynyň we onuň hemaýatynda işleýän guramalaryň çäklerinde ýörite duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Altynjy. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk eden döwründe garamak üçin hödürlenýän mowzuk durnukly energetika meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine degişli iň wajyp, möhüm ähmiýetli meseleleriň we mowzuklaryň toplumyndan ybaratdyr.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netije resminamasynda toplanan görnüşde beýan etmek maksady bilen, döwletleriň, halkara guramalarynyň, işewür toparlaryň we hünärmen jemgyýetçiliginiň wekilleriniň netijelerini we maslahatlaryny umumylaşdyrmak boýunça ähli zerur bolan çäreleri görer we hereketleri amala aşyrar.

Türkmenistan ýokarda agzalan ileri tutulýan ugurlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy baradaky meselelere Energetika Hartiýasy, onuň Sekretariaty we Baş Sekretary bilen ysnyşykly özara hereketler arkaly seredýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi