icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýun 2023

1699

Päkistanyň Premýer ministriniň Söwda we senagat boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Päkistanyň Premýer ministriniň Söwda we senagat boýunça utgaşdyryjysy Rana Ihsan Afzal Han we onuň ýany bilen gelen işewürler wekiliýet bilen Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki iri taslamalaryň, ýagny, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýmli aragatnaşyk ugurlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyran saparyny we 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasyna gol çekilendigini belledi.

Taraplar agzalan meýilnama gol çekilmeginiň TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädim bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem, TOPH we TOP taslamalarynyň amala aşyrylmagy sebitiň gülläp ösmegine we Pakistanyň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy aýratyn bellenildi.

Bilelikdäki iri taslamalaryň Päkistanyň energiýa howpsuzlygy üçin ähmiýetini belläp, Rana Ihsan Afzal Han Päkistanyň hökümetiniň bu möhüm energiýa taslamalarynyň gysga wagtda tamamlanmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar energiýa pudagynda ikitaraplaýyn söwdanyň ägirt uly mümkinçiligini nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi