icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

19 iýun 2023

2053

Türkmen telekeçileri we işewürleri Eýranda saparda boldular

2023-nji ýylyň 17-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň merkezi bolan Maşat şäherinde “Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetleri, Horasan Rezawi welaýatynyň häkimliginiň, welaýatyň söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasynyň, Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikdäki söwda müdirliginiň, Senagatçylyk, magdan senagaty we söwda guramasynyň we söwda edaralarynyň ýolbaşçylary we agzalary, Eýranyň telekeçileri hem-de Eýranyň Türkmenistandaky Ilçisi gatnaşdylar.

Maslahatda iki ýurduň söwda gatnaşyklary we ösüşi, bu gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegi bilen bagly ugurlar, telekeçilik we söwda mümkinçilikler barada çykyşlar edildi.

Eýrana amala aşyrylýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bujnurd şäherinde hem-de Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde geçirilen çärelere hem gatnaşdylar. Agzalan çäreleriň dowamynda türkmen telekeçileri we işewürleri Türkmenistan bilen serhetdeş Demirgazyk Horasan welaýatynyň senagat-gurluşyk önümçilik kärhanalarynyň işi bilen tanyşdylar, Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde bolsa, Eýranyň gurluşyk harytlarynyň sergisine baryp gördüler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi