icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 iýul 2023

1579

Türkmenistanyň ilçisiniň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersititeti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň  çäklerinde özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ermenistanda türkmen dili, edebiýaty we medeniýeti bilen tanyşdyrmak we ýaýratmak baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler. Rektor O.Ogannisýan türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, täze 2023-2024-nji okuw ýylynda uniwersitetde Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan birnäçe umumy sapaklaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu sapaklar türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 şanly ýyllyk senesine bagyşlanar.

Şunuň bilen baglylykda, iki hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda tejribe alyşmak baradaky meseläni gozgamak bilen, ilçi täze okuw ýylynda umumy sapakalary geçirmek üçin Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinden mugallymlaryny çagyrmagy teklip etdi.

Ermeni tarapy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Ermenistanyň ylmy žurnallarynda Magtymgyly Pyragy barada dürli ylmy makalalary neşir etmegi, şeýle hem nusgawy şahyra bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi. Munuň özi, Ermenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysaly bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi