icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

04 awgust 2023

3075

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan, öz döwletleriniň adyndan Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, üç döwletiň halklarynyň dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy, taryhynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň, ösüşiniň ýakynlygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga çalyşmakdan ugur alyp, üç döwletiň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň öz halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine hem-de sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanyp, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, suw-energetika, ekologiýa, medeni-ynsanperwer hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga umumy ygrarlylygy belläp, esas goýujy halkara hukuk ýörelgelerine we kadalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelerdir kadalara eýerýändiklerini tassyklap, şular barada beýan etdiler:

1. Taraplar Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ählumumy hem-de sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin edýän özara tagallalarynyň möhümdigini bellediler.

2. Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde öz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmegi ylalaşdylar.

3. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynda hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynda saýlawly edaralara birek-biregiň dalaşgärligini mundan beýläk-de goldamaga taýýardyklaryny bellediler.

4. Taraplar terrorçylygyň, separatizmiň we ekstremizmiň ähli görnüşlerine hem-de ýüze çykmalaryna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kiberjenaýatçylyga, adam söwdalaryna we bikanun migrasiýa garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şu howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek üçin bilelikde işlemegiň zerurdygyny nygtadylar, umumy gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça birek-birege goldaw bermegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

5. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň meselelerine seredip, bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigini hem-de deňhukuklylyk, özara bähbit we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulmalydygyny tassykladylar. Şeýle-de öz ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygy hakyndaky umumy pikiri beýan etdiler.

6. Taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, tebigy gazy, nebiti we nebit önümlerini, elektrik energiýasyny ibermek babatda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika babatda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, nebitgaz hem-de elektrik energetikasy pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar.

7. Üç ýurduň ulag, logistika we üstaşyr geçirmek babatda uly mümkinçiligini göz öňünde tutup, taraplar ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler.

8. Ulag babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek we üç ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini peýdalanmak maksady bilen, taraplar üç ýurduň deňiz portlaryna, şol sanda Hazar deňzine we Pars aýlagyna çykmagy üpjün edýän Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugry boýunça multimodal daşamalary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

9. Taraplar nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ylalaşdylar hem-de şu maksat bilen öz döwletleriniň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň ahyryna çenli duşuşyklary geçirmegi tabşyrdylar.

10. Taraplar önümçilik we senagat kooperasiýasyny ösdürmäge üns berdiler hem-de dokma, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar.

11. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary höweslendirmäge hem-de sebitiň rowaçlygyna hyzmat edýän ähli ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen işleri we taslamalary goldajakdyklaryny beýan etdiler.

12. Taraplar özara bähbit esasynda söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam bermäge çalşyp, öz döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň we hususy pudagynyň mümkinçiligini peýdalanmak bilen, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we gurallaryny döretmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar. Serhetýaka söwdasy babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

13. Taraplar Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň agrosenagat toplumlarynyň ugry boýunça aragatnaşyklary yzygiderli ösdürmek arkaly, şol sanda beýleki ýurtlaryň bazarlaryna oba hojalyk we azyk önümleriniň iberilýän möçberini artdyrmak hem-de giňeltmek maksady bilen, azyk howpsuzlygy, oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyga itergi bermegi ylalaşdylar.

14. Taraplar suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak, gidrotehniki desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk ulgamlaryny netijeli ulanmak we döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de gaýtadan peýdalanmak, şol sanda bar bolan ygtyýarly sebit edaralarynyň mümkinçiliklerini ulanyp amala aşyrmak babatda mundan beýläk-de bilelikdäki barlaglary we işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmegi ylalaşdylar.

Taraplar suw-energetika meselelerini çözmäge ýardam bermek hem-de Amyderýanyň sebitinde howanyň durnuklylygyny gazanmak üçin bar bolan we gurulýan gidroenergetika desgalarynyň möhümdigini belläp, öz döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen, suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn hem-de aýawly peýdalanmak boýunça ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş etdiler.

15. Suw-energetika meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, taraplar Amyderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ileri tutulýan ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, täze howplara garşy, şol sanda howanyň üýtgemegi we Amyderýanyň suw serişdelerine talaplaryň artmagy bilen bagly netijeli çäreleri üpjün etmek maksady bilen, köptaraply hyzmatdaşlygyň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

16. Taraplar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini gowşatmak hem-de oňa uýgunlaşmak, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, buzluklaryň eremegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, deslapdan habar bermek ulgamy, ekologiýa, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, bu ugurlarda umumy taslamalary hem-de maksatnamalary öňe sürmek, hyzmatdaşlygyň sebit we halkara meýdançalarynyň çäklerinde umumy bähbitlere laýyk gelýän bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

17. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, bar bolan döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi