icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 dekabr 2014

497

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly maslahatynda eden ÇYKYŞY

(2014-nji ýylyň 9-njy dekabry, Aşgabat şäheri) 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Gadyrly myhmanlar! 

Hanymlar we jenaplar! 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň agzasy hökmünde, energetika boýunça hyzmatdaşlygy dünýä derejesinde ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu ugurda döwrüň derwaýys meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. Bitarap döwletimiz energetika boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdarydyr. Şoňa görä-de, dürli derejelerde, aýratyn-da, halkara guramalarynyň çäklerinde adamzadyň ösüşi üçin uly ähmiýeti bolan bu meseleleri oňyn çözmäge işjeň gatnaşýar. 

Giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barýar. Şu günki ýokary wekilçilikli maslahat hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly maslahaty bu Guramanyň Sekretariaty bilen bilelikde geçirilýär. 

Hormatly jenap Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary! 

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary! 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Biz myhmanlarymyzy – Energetika Hartiýasynyň Aşgabatda geçirilýän maslahatyna gatnaşyjylary hoş gördük! Çakylygymyzy kabul edip, maslahata gatnaşmaga ýurdumyza gelendigiňiz üçin, size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin! Şeýle giň wekilçilikli maslahatyň geçirilmegine biz Bitarap Watanymyza goýulýan örän uly hormat hökmünde garaýarys. Dünýäniň ykbaly üçin birinji derejeli ähmiýeti bolan meseleleri bilelikde we netijeli ara alyp maslahatlaşmaga çalyşmagyň nyşany hökmünde baha berýäris. 

Energetika pudagynda giňden we gyzyklanma bildirip hyzmatdaşlyk etmek XXI asyrda dünýädäki işleri durnukly we depginli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýar. Bu işleriň geljekde nähili boljakdygy, energetika giňişliginiň haýsy ýörelgeler esasynda dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnukly ýagdaýy köp babatda uzak geljege niýetlenen ählumumy ösüşiň umumy ugurlaryny kesgitlär. Häzirki döwürde dünýä energetika bazaryna bäsleşik giňişligi we täsir ediş ulgamy hökmünde garamak aradan aýrylmalydyr. Şeýle çemeleşme indi häzirki zamanyň geosyýasy, ykdysady we durmuş hakykatyna, tehnologik taýdan ösen senagat döwrüniň ölçeglerine laýyk gelmeýär. 

Häzirki döwürde biziň öňümizde düýbünden täze usullary işläp taýýarlamak wezipesi durýar. Bu usullar ählumumy energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmelidir. Energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylar tebigy serişdelere we ekologiýa jogapkärli hem-de aýawly garamalydyr. Energiýanyň çeşmeleri bolan serişdeleriň adalatly paýlanylmagyna we sarp edilmegine gönükdirilen giň jemgyýetçilik talaplaryny hasaba almalydyr. 

Ählumumy we bölünmez energetika howpsuzlygy häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar. Energetika howpsuzlygy energiýa serişdelerini öndürýän, iberýän hem-de sarp edýän ulgamy öz içine almalydyr. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme biziň döwletimiziň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Bu bolsa, energetika pudagynda öňe süren tekliplerimiziň we iş ýüzündäki hereketlerimiziň mazmunyny hem-de ugruny kesgitleýär. 

Biziň ýurdumyz dünýäde uglewodorod serişdelerini örän köp öndürýän döwletleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. 

Energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryna dünýäde barha oňat düşünilýär. 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen rezolýusiýalaryň Türkmenistan tarapyndan hödürlenen taslamalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan goldamagy bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň 70-den hem köp döwleti bu rezolýusiýalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. 

Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurdaky täze halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmekde ilkinji ädimler ädilýär. Bu resminama ählumumy energetika giňişliginde işleri alyp barmagyň umumy ýörelgelerine eýerilmegini üpjün etmelidir. Täze resminamany işläp taýýarlajak bilermenler toparynyň birinji mejlisi ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriler. 

Türkmenistan öz energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça iş ýüzünde anyk ädimleri ädýär. Bu ädimlere biz energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys. Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijileriň üçüsi guruldy. Bu ugur boýunça gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmaga hem taýýarlyk görülýär. 

Eýrana ikinji gaz geçirijiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna taýýarlyk işleri tamamlandy we esasy görkezijileri ylalaşyldy. Ýakynda Aşgabatda bu gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde «TAPI Ltd.» konsorsiumynyň liderini kesgitlemek ugrunda halkara bäsleşigini yglan etmek barada karar kabul edildi. Indi bu taslamanyň ýakyn geljekde durmuşa geçiriljekdigine ynanýarys. 

Türkmen energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine hem jikme-jik we gyzyklanma bilen seredilýär. Biziň energetika strategiýamyz energiýa geçirijileriň köp görnüşli we giň gerimli bolmagyna esaslanýar. Şeýle hem, halkara energetika işlerine gyzyklanmasy artýan ýurtlary barha köp çekmäge gönükdirilendir. Bu bolsa, döwletleriň we çäkleriň gurluşynyň haýsydyr bir emeli usulyny aňlatmaýar. Bu ýerde gürrüň geoykdysadyýetiň anyk ýörelgeleri barada barýar. Energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegi, bu serişdeleriň goşmaça iberilýän ugurlarynyň gurulmagy ählumumy energiýa howpsuzlygynyň, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ähli ulgamynyň durnukly bolmagynyň aýgytly şertine öwrülýär. Bu gatnaşyklaryň bir taraply we gurluş taýdan utgaşyksyz bolmazlygyny kepillendirýär. Biziň pikirimizçe, energetikanyň durnukly bolmagy şu meselede jemlenendir. 

Biziň ýurdumyz energiýa serişdeleriniň netijeli bolmagyna we energiýany tygşytlamaga, onuň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy häzir halkara energetika gatnaşyklarynyň örän möhüm we sazlaşykly bölegi bolmalydyr diýip hasap edýäris. Ekologiýa meselelerine aýawly we uzak geljegi göz öňünde tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak häzirki döwrüň energetika pudagynyň öňünde duran ýene-de bir esasy wezipedir. Energetiki önümçilik we üstaşyr üpjünçilik ulgamlary döredilende innowasion tehnologiýalary we usullary ulanmak häzirki döwrüň talaby bolup durýar. Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr. 

Biziň umumy wezipämiz ekologiýa taýdan deňeçerligi gorap saklamak bilen, ykdysady bähbitleri we halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýa serişdeleri çykarylanda ekologiýa howplaryny azaltmak üçin, halkara guramalary bilen mundan beýläk-de giň gerimli we işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Biz önümçilik ulgamlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmaga çalyşýarys. Häzirki döwürde bu ugurda zerur işler alnyp barylýar we özüniň gowy netijelerini berýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň usullary häzirki wagtda iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýär. Döwletimizde bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. 

«Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda önümçilik işiniň ähli esasy ugurlarynyň tapgyrlaýyn ekologiýa howpsuzlygynyň ölçeglerine laýyk getirilendigini aňladýar. Bu strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklary ileri tutup ösdürmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň ähli durmuş ulgamlarynyň kadaly işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin şertleri döretmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa, ýangyç-energetika toplumynyň işine doly derejede degişlidir. Şu meselelere netijeli çemeleşýändigi we bu ugurda ýardam berýändigi üçin, biz halkara guramalaryna, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasyna, onuň ýöriteleşdirilen edaralaryna minnetdardyrys. Biz Energetika Hartiýasynyň çäklerinde örän ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Halkara energiýa geçirijileriniň ygtybarly we howpsuz bolmagy, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň hukuk taýdan goragly bolmagy häzirki döwürde aýgytly häsiýete eýedir. Bu mesele boýunça umumylykda kabul ederlikli hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigi barha aýdyň ýüze çykýar. Energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasynda aýdyň we üýtgewsiz gatnaşyklaryň zerurdygy belli bolýar. Şu mesele boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmek bilen, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegi deňhukukly we adalatly esasda amala aşyrylmalydyr, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan bolmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýar. 

Biz energiýa serişdelerini ibermek meselesine syýasy äheň bermek ýol berilmesizdir diýip hasap edýäris. Şeýle usulyň ulanylmagyna döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda «üstaşyr geçirmekde hilegärlige ýol bermek» diýip düşünýäris. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr iberilmegi üçin oýlanyşykly, ykdysady taýdan esaslandyrylan nyrhlary bellemegi hem zerur hasaplaýarys. Bu ugurda biz Energetika Hartiýasy boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen aýdyň kesgitlenen ýörelgeler esasynda gatnaşyk etmäge taýýardyrys. Biz ilki bilen üstaşyr geçirmegiň erkinlik ýörelgesini öňe sürýäris. Bu bolsa, Türkmenistanyň agzalan mesele boýunça garaýyşlaryna doly laýyk gelýär. 

Energetika «üçlüginiň» – energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň strategik bähbitleriniň häzirki döwürde bäsleşige, gysga wagtlyk artykmaçlyga däl-de, uzak möhletli hyzmatdaşlyga baglydygyna ynanýarys. 

Ählumumy energetika bazarynda dereje bölünişigi, «uly» we «kiçi» gatnaşyjylar bolmaly däldir. Biziň ählimiz birek-birege deň derejede bagly we öz kanuny bähbitlerimiz esasynda, umumy maksatlar boýunça birleşen deňhukukly hyzmatdaşlar bolup durýarys. Hyzmatdaşlyga şeýle düşünmek bilen, biz dünýä energetika giňişliginde arkalaşykly hereket etmegiň bütewi kadalaryny we düzgünlerini döretmek ugrunda netijeli işleri alyp barmalydyrys. 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti düýpli geostrategiki we gurluş taýdan ilerlemeleri başdan geçirýär. Örän köp adam mümkinçilikleri we senagat serişdeleri, tehnologik mümkinçilikleri, maýa goýum taýdan özüne çekiji bolan ösüşiň täze merkezleri emele gelýär, goşulyşýan giňişlikler döreýär. Bu üýtgeşmeler energiýa serişdelerini ibermegiň halkara ugurlaryna, olaryň geografiýa taýdan ýaýraýşyna barha artýan täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýlar ählumumy energetika giňişliginiň hereketsiz gurluş däl-de, eýsem janly, üýtgäp duran hakykatdygyny görkezýär. 

Häzirki döwürde energiýa serişdelerini iberijiler bu serişdeleri ýerlemegiň täze bazarlaryny gözleýär. Şonuň bilen birlikde, sarp edijiler hem öz artýan talaplaryny kanagatlandyrmak üçin täze energiýa çeşmelerini gözleýär. Bu, aýratyn-da, ösüp barýän bazarlarda ýüze çykýar. Şeýlelikde, energiýa serişdelerini ibermegiň goşmaça ugurlarynyň döredilmegi deň derejede goşmaça çeşmeleriň elýeterli bolup durmalydygyny hem aňladýar. 

Energiýa serişdelerini iberijiler bilen sarp edijileriň şeýle arkalaşykly hereketi dogry diýip pikir edýärin. Dünýä bazaryna energiýa serişdelerini ibermegiň täze usuly döredilende bu meseläni göz öňünde tutmak zerurdyr. Bu meselede sarp edijä energiýa çeşmelerini päsgelçiliksiz we erkin saýlap almak hukugyny üpjün etmek esasy wezipe bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, iberilýän energiýa serişdeleri üçin nyrhlary kesgitlemek meselesi hem aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Biz häzirki döwürde uglewodorod serişdeleriniň nyrhlarynyň hiç bir sebäpsiz, häli-şindi üýtgäp durýandygyny görýäris. Nyrhlar nähili sebäplere görä üýtgeýän bolsa-da, şeýle ýagdaý bu serişdeleri iberijileriň we sarp edijileriň gatnaşyklarynda oňaýsyz ýagdaýy döredýär, adalatsyz bäsleşigiň ýüze çykmagyna getirýär. Kähalatlarda bolsa, energiýa serişdeleriniň bikanun ýerlenmegine alyp barýar. Bu ýagdaýlaryň ählisi dünýä ykdysadyýetiniň umumy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. 

Şeýle şertlerde uglewodorod serişdeleriniň durnukly nyrhlaryny saklamak boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmek zerur bolup durýar. Döwletleriň, halkara maliýe edaralarynyň we energetika kompaniýalarynyň derejesinde ylalaşylan, jogapkärli çözgütleri kabul etmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

Türkmenistanyň garaýşy bu meselede berkdir we üýtgewsizdir. Biz energiýa serişdeleriniň hyrhlary adalatly, ykdysady taýdan esaslandyrylan, aýdyň we açyk ýörelgelere esaslanan bolmalydyr diýip hasap edýäris. Nyrhlaryň emeli ýagdaýda ýokarlandyrylmagyna ýa-da peseldilmegine, bu meselä syýasy äheň berilmegine, nyrhlar bilen bagly gizlin ylalaşyklara we ynsapsyzlyk edilmegine ýol bermek bolmaz. 

Energiýa serişdelerini durnukly öndürýän we ygtybarly iberýän Türkmenistan bu meseleler boýunça özara ylalaşylan açyk çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Biz bu ugurda dünýäniň döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. 

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

 Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar. 

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi energetika pudagynyň durnukly bolmagyna baglydyr. Bu bolsa, şol pudakda döwletleriň alyp barýan işlerinde täsirli, halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda berkidilen usullaryň möhümdigini aňladýar. Energetika babatda ählumumy özara gatnaşyklary düzgünleşdirýän berk, üýtgewsiz, ähli ugurlary öz içine alýan ýörelgeleriň emele getirilmeginiň zerurdygyny görkezýär. 

Energiýa serişdelerini ibermegiň üpjünçilik ulgamlarynyň howpsuzlygyny halkara derejesinde kepillendirmek örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu maksada ýetmäge yzygiderli we anyk wezipelerden ugur alyp goşant goşup gelýär. Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, energetika howpsuzlygynyň täze halkara-hukuk esaslaryny emele getirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň tarapdarlary we olara eýerýänleriň sany dünýäde barha artýar. Biziň hyzmatdaşlarymyzyň we pikirdeşlerimiziň arasynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Komissiýasy, birnäçe sebit guramalary ýaly iri we abraýly halkara guramalary bar. 

Biz öňe sürýän başlangyçlarymyzy we tekliplerimizi goldaýandyklary, amala aşyrylýan işlere oňyn we uly gyzyklanma bilen çemeleşýändikleri üçin, bu halkara guramalaryna minnetdarlyk bildirýäris. Biziň ýurdumyz bu guramalar bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. 

Häzirki döwürde Energetika Hartiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar. Biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň Başlyklygyna saýlanmagy aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň bu Gurama Başlyklyga hödürlenmegini goldandyklary üçin, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnaga, Gurama agza döwletleriň ählisine minnetdarlyk bildirýärin! Biz şeýle ýokary derejede we guramaçylykly iş alyp barmaga örän jogapkärli taýýarlyk görýäris. 

Biz Energetika Hartiýasynyň dünýäniň energetika giňişliginde aragatnaşyklaryň netijeli, adalatly we sazlaşykly nusgasyny döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekde örän möhüm ähmiýete eýe bolup biljekdigine we bolmalydygyna ynanýarys. Şeýle hem, öňdebaryjy bolup, täze ideýalary we çemeleşmeleri durmuşa geçirer diýip pikir edýäris. Türkmenistan bu işe ýardam bermäge taýýardyr.

Men şu ýere ýygnananlaryň ählisini Energetika Hartiýasynyň Aşgabatda geçirilýän maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ählimiziň maksatlarymyzyň we arzuwlarymyzyň hasyl bolmagynyň hatyrasyna netijeli işleri alyp barmagy arzuw edýärin!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi