icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 dekabr 2014

263

Türkmenistanyň Prezidenti Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2014-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilýän halkara energetika forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagy kabul etdi. 

Döwlet Baştutanymyz we myhman mähirli görşüp, özara söhbetdeşlikde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga, şeýle hem bilelikdäki işleriň ozal bellenilen meýilnamalarynyň amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şu günki forumyň öz wagtynda geçirilýändigini bellemek bilen Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary onuň jemleriniň tutuş dünýä bileleşigi üçin örän möhüm mesele babatda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ilerletmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha bermek bilen, Urban Rusnak energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şol gurama häzir Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny, şol sanda Türkmenistany birleşdirýär. Türkmen tarapynyň teklibi boýunça kabul edilen BMG-niň degişli Rezolýusiýalary energetika meselelerine täze çemeleşmeleri gözläp tapmaga hem-de degişli ugurda oňaýly çözgütleri işläp düzmäge gönükdirilen tagallalary işjeňleşdirmek üçin oňat esas bolup durýar. 

 Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk döwletleriň, tutuş dünýäniň durnukly ösmeginiň, durnuklylygyň we abadançylygyň esasy şertleriniň biridir. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde maksada gönükdirilen halkara işlerini alyp barmak bilen, dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekýär. 

Baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan ýurdumyz olary dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga çalyşýar we bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hususan-da, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilýän eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we çäklerini giňeltmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. 

Netijeli, ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Aşgabat forumynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary has-da ilerletmek üçin umumy tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şol ylalaşyklar energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlarynda döwletleriň aýdyň we takyk iş ýörelgelerini işläp düzmek babatda toparlaýyn çäreleri güýçlendirmäge gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany we myhman şu günki Halkara energetika forumynda Energetika Hartiýasynyň başlygynyň ygtyýarlyklaryny 2017-nji ýylda Türkmenistana bermek hakynda kabul edilen çözgüdi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň mümkinçilikleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnag umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi