icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 oktýabr 2018

1017

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi.

Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we köpçülikleýin habar  beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm düzümleriniň biri bolup, onda jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy adam diýlip yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşmak bilen, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri amala aşyryp, şunda adam ölçegi we durmuş häsiýetli meselelere aýratyn üns berýär.

Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalary bilen ýakyn gatnaşyklary amala aşyrýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Biziň döwletimiz bu düzümler bilen işjeň gatnaşyklarda bolup, migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmek, olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip hem-de netijeli çäreleri görmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar. Soňky ýyllarda biziň parahat ýurdumyz ençeme adamlar üçin ikinji öýlerine öwrüldi. Anyk mysal hökmünde, 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 8145 adamyň kabul edilendigini görkezmek bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi