icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

04 oktýabr 2016

1423

Türkmenistanyň DIM-nde Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Primož Şeligo (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň gysgaça seljermesinden soňra, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde, şeýle hem göni howa gatnawlaryny ýola goýmakda bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Taraplar 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini nazara almak bilen, fito sanitariýa çygrynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi