icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 oktýabr 2016

1622

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleri bilen ynsanperwer meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça orunbasary bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleri bilen ynsanperwer meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça orunbasary jenap Raşid Halikow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar garaljak halkara meseleler we Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinde ynsanperwer goldawy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Jenap Raşid Halikow Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyna uly baha bermek bilen, geljekde bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.Taraplar halkara gün tertibindäki ynsanperwer ugruň global meseleleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biriliginde galýandygyny belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň bu ugurdaky özara ylalaşygynyň oňyn hereketini belläp geçdiler. Şeýle hem geljekde ýurduň hünärmenleri we guramanyň arasynda tejribe alyşmakda, şol sanda ynsanperwer goldawyny bermegiň tejribelerini öwrenmekde tagallalary jebisleşdirmek  ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasysy boldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine ynamlaryny beýan edip, taraplar geljekde özaragatnaşyklary hyzmatdaşlyk esasynda täze derejä çykarmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi