icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 dekabr 2016

1136

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Jasinta Barrins bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Soňra taraplar köp ýyllaryň dowamynda ýetilen üstünlikleri we alnyp barylýan gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyrmakda Türkmenistanyň gazananlaryny belläp, taraplar bu ugurdaky tagallalary birleşdirmek boýunça meselelere seretdiler. Taraplar adam hukuklary, ekologiýa we energetiki tygşytlylyk babatynda bilelikdäki işiň meselelerine garadylar.

Duşuşygyň soňunda türkmen tarapy hanym Jasinta Barrinse Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürkmekde goşan goşandy üçin özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi