icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2018

744

Tokioda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 26–27-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da çäräniň dowamynda syýahatçylyk, ulag-logistika, oba hojalygy we suw, söwda-ykdysady, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikirler alşyldy.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde döwletleriň halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar esasan hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklara ýokary baha berip, geljekde hem bu hyzmatdaşlyklary has-da giňeltmeklige ylalaşdylar.

Mundan başga-da, maslahatyň barşynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde şu ýylyň dekabr aýynyň 15-16-na Duşenbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslahatynyň guramaçylyk meseleleri hem-de maslahatda kabul ediljek Bilelikdäki Beýannamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahatynyň 2-nji gününde bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Kenji Yamada tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda ýapon tarapy sebitleýin hyzmatdaşlyga, şol sanda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga oňyn baha berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi