icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 dekabr 2018

776

«Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda daşky gurşawy goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda daşky gurşawy goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy alyp barýan halkara we sebitleýin guramalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesi gatnaşdylar.

Alymlar, hünärmenler tarapyndan edilen çykyşlarda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermeginde daşky gurşawy goramak ulgamynda ýurt, sebit we dünýä derejesinde alnyp barylan işler, hormatly Prezidentimiziň halkara ekologiýa başlangyçlary barada bellenip geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak ulgamynda dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegine özüniň ýakyndan goldawyny berýändigi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi