icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 dekabr 2018

888

Ministrler derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi.

Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçirilen bu maslahat Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä medeniýetindäki ornuny öwrenmäge, häzirki we geljekki ösüşini kesgitlemäge, halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge täze badalga berdi.

Ministrler maslahatyny jemlemek bilen, çäräniň ahyrynda Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Mejlisiň ahyrynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi