icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 dekabr 2018

865

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy.

Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, giriş sözi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Şeýle hem maslahatyň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebitinde ynsanperwerlik maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça kömekçisi Raşid Halikow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa dagylar çykyş etdiler.

«Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi