icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

14 dekabr 2018

2571

Türkmenistanyň Ilçisiniň Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurmagy

2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Watikandaky Mukaddes Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Mukaddes Tagtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanow (ýerleşýän ýeri Ženewa ş.) Watikanyň Baştutany Onuň Merhemetlisi Rim Papasy Fransiska öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Gysga gürrüňdeşligiň barşynda Türkmen Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rim Papasy Fransiskiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelip gowşan mähirli sözler üçin, Watikan bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhda ilkinji gezek Watikanda  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň bellenmegi üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Merhemetlisi öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyna  parahatçylyk we ösüş baradaky özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi