icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 ýanwar 2019

863

Belarus Respublikasynda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyklar geçirildi

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Minsk şäheriniň döwlet Lingwistiki uniwersitetinde Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogiki uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki duşuşyk geçirildi.

Geçirilen bu duşuşygyň işine 2019-njy ýylyň 11-19-njy ýanwary aralygynda Belarus Respublikasynda iş saparynda bolan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasaryndan we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktoryndan düzülen iş topary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary türkmen talyplary bilen bagly birnäçe meseleler boýunça ikitaraplaýyn pikir alyşmalar gurnaldy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary bilen ýokary okuw mekdepleriň degişli jogapkär ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda türkmen talyplarynyň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlary görüldi we talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen içgin tanşyldy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary talyp naharhanalary, saglyk öýleri, sport desgalary, durmuş hyzmatlary we söwda merkezleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Mundan başga-da ýanwar aýynyň 14-16-sy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda, Belarus Respublikasynyň birnäçe şäherlerinde ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynda türkmen talyplary bilen şeýle duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi