icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2019

828

Daşkentde Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa 6-njy ýokary derejeli maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Daşkentde Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa 6-njy ýokary derejeli maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw gorlary ulgamynda alnyp barylýan syýasata jogapkär ministrleriň orunbasarlary, diplomatlar we hünärmenler gatnaşdylar. Agzalan Forumda türkmen wekiliýetine Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasary ýolbaşylyk etdi.

Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak ulgamynda Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan 2015-nji ýyldan bäri gazanylan ösüşler, howanyň üýtgemegi hem-de suw serişdelerinden peýdalanmak, ÝB-MA daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri babatda Işçi Topar tarapyndan işlenilip taýýarlanan Milanda geçirilen ýokary derejeli 5-nji maslahatdaky görkezmeler esasynda ýetilen sepgitler barada pikir alyşdylar.

Daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak baradaky meseleleriň giň gerimi babatda pikir alşyldy we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Maslahat, tebigaty goramak işini dolandyrmak, ýapyk görnüşli ykdysadyýet, durnukly önümçilik we sarp ediş, howanyň üýtgemegi we suw serişdelerinden peýdalanmak ýaly ugurlary ileri tutýan Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa daşky gurşaw we suw gorlary ulgamynda hyzmatdaşlyk Platformasynyň çäklerinde gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi