icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2019

1189

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabatda brifing geçirdi

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp brifing geçirildi.

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri we wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä Türkmenistanyň hem-de ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Brifingde Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sorin Wasile Moldowan çykyş etdi. Ilçi öz çykyşynda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe meýilleşdirilýän işler we olaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi