icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2019

692

Türkmenistanyň DIM-de GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDGM-niň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň (YHDGM) başlygy Polat Bilbil oglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň işlerine ýurdumyzyň işjeň gatnaşýandygy hem aýdyldy.

Soňra, taraplar 2019-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XIV Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyny ýokary derejede geçirmeklik bilen bagly meseleleri ara alyp  maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň XIV Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyny Türkmenistanda geçirmekligiň ähmiýetini we onuň netijeliligini hem belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi