icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 ýanwar 2019

2543

Türkmenistanyň Ilçisiniň Rumyniýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurmagy

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň  Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar.

Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň barşynda Ilçi A.Annaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýanyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen tarapynyň geljekde hem Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňegidişliklerine we ösüşlerine gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Rumyniýanyň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelip gowşan salamlary we mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyna öz salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi sorady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi